HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky ekologiýa forumy döwlet pudagy bilen halkara institutlarynyň tagallalaryny birleşdirdi

Iýun 08, 2026 | 00:12 |5775
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanyp, Aşgabadyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen «Ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat sebitiň howa syýasatynyň täze gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldyDaşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanyp, Aşgabadyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen «Ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat sebitiň howa syýasatynyň täze gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy
Çeşme: orient.tm

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlanyp, Aşgabadyň Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen «Ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat sebitiň howa syýasatynyň täze gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy. Forum gatnaşyjylara bilelikdäki işleriň aralyk netijelerini jemlemäge mümkinçilik berdi.

Maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň hem-de BMG-niň Türkmenistandaky institutlarynyň (ÝUNISEF, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy) ýolbaşçylary gatnaşdylar. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin howa tehnologiýalary merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Onuň bellemegine görä, bu merkez sebitiň ýurtlarynyň tejribe alyşmagy üçin bitewi innowasion meýdança öwrüler.

ÝUNISEF-iň ýolbaşçysy Jalpa Ratna öz çykyşynda bilim ugruna ünsi çekip, ekologiýa dersleriňlniň Türkmenistanyň mekdep maksatnamalaryna üstünlikli ornaşdyrylandygyny belledi. Bu bolsa energiýa netijeliligi we galyndylary dolandyrmak ugurlarynda täze nesil hünärmenlerini ýaşlykdan taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Maslahatyň tematik mejlisleri bilermenleriň işini üç esasy ugur boýunça gurady. Birinji ugur howa kanunçylygyny we milli hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. Ikinji ugurda hünärmenler senagat önümçiligine serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Jemleýji bölüm bolsa doly derejede Aral sebitine bagyşlanyp, onda Aşgabat ýerli ekoulgamlary durnuklaşdyrmak we ekologiýa çökgünliginiň netijelerini ýeňilleşdirmek üçin halkara tagallalary birleşdirmegi teklip etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026