HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Turkmen Textile Expo 2026” medeni diplomatiýanyň we moda-tehnologiýalarynyň bileleşigini öňe çykarýar

Iýun 06, 2026 | 17:48 |6374
Aşgabatda “Turkmen Textile Expo 2026” halkara gözden geçirişi öz işini tamamlaýar, onuň jemleýji maksatnamasy dünýäniň moda we dokma senagatynyň strategik geljegine gönükdirildiAşgabatda “Turkmen Textile Expo 2026” halkara gözden geçirişi öz işini tamamlaýar, onuň jemleýji maksatnamasy dünýäniň moda we dokma senagatynyň strategik geljegine gönükdirildi
Çeşme: orient.tm

6-njy iýun, Aşgabat — «Turkmen Textile Expo 2026» halkara sergisiniň 3-nji güni

Aşgabatda “Turkmen Textile Expo 2026” halkara gözden geçirişi öz işini tamamlaýar, onuň jemleýji maksatnamasy dünýäniň moda we dokma senagatynyň strategik geljegine gönükdirildi.

Giň gerimli forum öňdebaryjy tehnologlar, dizaýnerler, eksportçylar we maýadarlar üçin abraýly intellektual meýdança öwrüldi. Jemleýji günüň ekspert çekişmeleriniň esasy ugruny Merkezi Aziýanyň däp bolan dokma önümleriniň sanly we konseptual özgerişlerişleri düzdi. Bu önümler şu günki günde medeni diplomatiýanyň we ählumumy döredijilik işewürligiň netijeli guraly hökmünde özüni üstünlikli görkezýär.

turkmen-textile-expo-2026-final-day-fashion-cultural-diplomacy (4).JPG

Serginiň üçünji gününiň maksatnamasy amaly we akademiki sessiýalaryň giň toplumyny öz içine alýar. Halkara bilermenler we Ýewraziýa moda platformalarynyň wekilleri milli medeni kody häzirki zaman moda senagatyna goşmak, innowasion serişdeleri ornaşdyrmak we ýerli brendleri daşary ýurt bazarlarynda ilerletmek boýunça tejribelerini hödürlärler.

turkmen-textile-expo-2026-final-day-fashion-cultural-diplomacy (3).JPG

Ýerli we daşary ýurtly dokma kompaniýalary üçin bu gün eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, häzirki zaman sarp ediş meýillerini öwrenmäge we göni işewürlik şertnamalaryny baglaşmaga uly ýol açýar.

Bütin Ýewraziýa giňişliginde senetçileriň we hünärmen dizaýnerleriň özara gatnaşyklary üçin täze ekoulgamlary döredýän sanly meýdançalaryň tanyşdyrylyşyna aýratyn üns berildi.

06062026-turkmen-textile-expo-final-day-fashion-cultural-diplomacy.JPG

Innowasiýalaryň we etno-dizaýnyň üç günlük marafonynyň dabaraly jemlemesi, gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy bilen “Turkmen Textile Expo 2026” sergisiniň resmi ýapylyşy bolar.

Aşgabatdaky sergi sebitiň esasy dokma meýdançasy hökmündäki derejesini ýene bir gezek tassyklady. Bu meýdançada senagat önümçiligi halkara dialogyň we döredijilik senagatynyň ählumumy diline öwrülýär.

turkmen-textile-expo-2026-final-day-fashion-cultural-diplomacy (1).JPG

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026