HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aralýaka sebiti üçin täze sanly çözgütler Aşgabatdaky ýaşlar ekobäsleşiginde tanyşdyryldy

Iýun 08, 2026 | 00:06 |6852
BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen “Aralyň geljegi – çözgütleri şu gün tapalyň” atly ýaşlar bäsleşiginiň jemleri jemlenildiBMG-niň Aşgabatdaky binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen “Aralyň geljegi – çözgütleri şu gün tapalyň” atly ýaşlar bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
Çeşme: BMG-niň Ösüş Maksatnamasy

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçirilen “Aralyň geljegi – çözgütleri şu gün tapalyň” atly ýaşlar bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde we Ählumumy Ekologiýa Gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy bilen guralan taslama ýaş nesliň tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak ugrunda öňdebaryjy sanly gurallary ornaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.

Bäsleşige gatnaşyjylar adaty ýazmaça işleriň ýerine Aral deňziniň basseýnindäki ekologik kynçylyklary ýeňip geçmäge gönükdirilen konseptual üç ölçegli modelleri we wizual taslamalary hödürlediler.

Bäsleşik işleriniň sergisi halkara bilermenleriň we BMG-niň agentlikleriniň işgärleriniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Sergide suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalardan başlap, çölleşmä garşy göreş usullaryna we tebigy baýlyklary dolandyrmagyň inklýuziw ulgamlaryna çenli dürli ugurlar boýunça taslamalar görkezildi.

BMG Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan ýaş hünärmenleriň howa üýtgemegi bilen bagly meseleleriň çözgüdine işjeň gatnaşmagynyň Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin aýratyn möhümdigini belledi. Şonuň üçin gurama okuwçylaryň we talyplaryň başlangyç taslamalarynyň hakyky ekologik netijelere öwrülmegi üçin degişli mümkinçilikleri döretmegi dowam etdirer.

Bilermenler topary birnäçe möhüm tehnologik başlangyçlary aýratyn belläp geçdi. “Iň innowasion pikir” ugry boýunça Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyby Läle Garyýagdyýewa emeli aňyň esasynda Uzboýyň we Aral deňziniň uýgunlaşmagynyň sanly modelini işläp taýýarlap, ýeňiji boldy.

undp-turkmenistan-aral-sea-youth-environmental-projects (7).jpg

Ekodizaýn ugrunda Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebiniň okuwçylary Maýsa Atamyradowa bilen Polina Klubkowa tarapyndan hödürlenen Ýeri uzakdan zondirlemek taslamasy, şeýle hem Balkanabat nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyby Guwanç Janmämmedowyň “Ýaşyl gorag” atly konsepsiýasy iň gowy işler diýlip ykrar edildi. Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň “Iki ýoluň çatrygyndaky parahatçylyk” atly işi bolsa iň ruhlandyryjy konsepsiýa hökmünde saýlandy.

Ýeňijilere şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem ähli gatnaşyjylar döredijilikli çemeleşmeleri we ekologik durnuklylyk ýörelgelerine ygrarlylygy üçin sylaglanyldy.

Bilim beriş başlangyçlary, döredijilik taslamalary we jemgyýetçilik çäreleri arkaly bu taslama ekologik meseleleriň çözülmegine ýardam berýär hem-de Aral sebitiniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Bu başlangyç Türkmenistanyň täze nesil ekologlaryny kemala getirmek we ýokary tehnologiýalary sebit ekoulgamlaryny dikeltmek işine ornaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin strategiýasynyň bir bölegidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026