HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tramp alýuminiý, polat we mis boýunça gümrük paçlaryny düzetmek hakynda permana gol çekdi

Iýun 03, 2026 | 22:00 |2449
Çeşme: orient.tm

Duşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 1962-nji ýylyň Söwdany giňeltmek hakynda Kanunynyň 232-nji bölümi esasynda alýuminiý, polat we mis önümleriniň käbir import görnüşlerine degişli gümrük paçlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda permana gol çekdi. Bu barada Ak tamyň metbugat gullugy habar berdi.

Ak tamyň maglumat sahypasyna görä, täze perman oba hojalyk tehnikalaryna, şol sanda kombaýnlara we orak ulaglaryna, şeýle hem käbir beýleki enjamlara degişli gümrük paçlaryny 25 göterimden 15 göterime çenli peseldýär.

Şeýle hem perman 15 göterimlik paç bilen salgyt salynýan senagat enjamlarynyň sanawyny giňeldip, buldozerler, awtoýük göterijiler ýaly göçme senagat tehnikalaryny hem öz içine alýar.

Mundan başga-da, import edilýän önümleriň ABŞ-da öndürilen alýuminiden, polatdan ýa-da misden «doly» taýýarlanan hasaplanmagy üçin zerur bolan paý 95 göterimden 85 göterime çenli peseldildi. Şeýlelikde, 2-nji aprelde kabul edilen polat, alýuminiý we mis boýunça gümrük paçlary baradaky perman bilen girizilen talaplar ýeňilleşdirildi.

Täze perman daşary ýurt kompaniýalaryny ABŞ-da öndürilen polat we alýuminini has köp ulanmaga höweslendirýär. Oňa laýyklykda, eger kompaniýanyň maýa enjamlary agramy boýunça azyndan 85 göterim ABŞ-da eredilip-guýlan polatdan ýa-da alýuminiden ybarat bolsa, olar 10 göterimlik gümrük paç derejesinden peýdalanyp bilerler.

Ak tamyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu üýtgetmeler 8-nji iýundan güýje girer we 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.

2018-nji ýylda, ilkinji prezidentlik möhletinde Donald Tramp 1962-nji ýylyň Söwdany giňeltmek hakynda Kanunynyň 232-nji bölümini ulanyp, polat we alýuminiý importyna gümrük paçlaryny girizipdi. 2025-nji ýylda Ak tama gaýdyp geleninden soň, ol öňki ABŞ administrasiýasy tarapyndan girizilen polat we alýuminiý paçlaryny täzeden gözden geçirdi hem-de mis importyna gümrük paçlaryny girizdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026