HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörüşi gurnady

Iýun 03, 2026 | 16:42 |8750
3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi
Çeşme: Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy

3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi.

Sport çärelere diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi.

В Анкаре был организован велопробег

Welosipedli ýörişiň başlanmazynyň öňüsyrasynda dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Çykyşlarda Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilmeginiň halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdelerini ilerletmek hem-de ýaş nesli daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ruhunda terbiýelemek ugrunda alyp barýan işlerine ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi.

Welosipedli ýöriş tamamlanandan soň, onuň gatnaşyjylary sporty ösdürmäge, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandyklaryny beýan etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026