HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýada Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi

Iýun 03, 2026 | 14:35 |6652
2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy.2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welosipedli ýöriş guraldy.

georgian-athletes-supported-turkmen-embassy-cycling-action-2026 (6).jpg

Sport çäresine Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, gruziýaly tanymal türgenler we tälimçiler işjeň gatnaşdylar. Welosipedli ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden Gruziýanyň gadymy taryhy paýtagty bolan Msheta şäheriniň ugry boýunça hereket etdiler.

georgian-athletes-supported-turkmen-embassy-cycling-action-2026 (5).jpg

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan esaslandyrylan we dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni jemgyýetiň arasynda sporta bolan höwesiň artmagynda, şeýle hem dynç alyş medeniýetiniň ösmegine we daşky gurşawy aýawly çemeleşmäni kemala getirmäge ýardam edýändigini belledi.

georgian-athletes-supported-turkmen-embassy-cycling-action-2026 (4).jpg

Ol welosportyň ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde dünýäde, hususan-da, köpçülikleýin sagdynlaşdyryş hereketiniň ösmegine uly goşant goşýan Türkmenistanda barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem Ilçi bu çäräniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen utgaşmagynyň aýratyn many-mazmuna eýedigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda welosiped ýörişine gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

georgian-athletes-supported-turkmen-embassy-cycling-action-2026 (7).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026