HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ, Meksika we Kanada dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Ebola wirusynyň ýaýramagyna garşy utgaşdyrylan çäreleri girizdi

Maý 31, 2026 | 20:00 |3035
Çeşme: orient.tm

Penşenbe güni ABŞ, Meksika we Kanada Ebola wirusy bilen ýokaşmak howpy iň ýokary bolan Afrika sebitlerinden gelýän adamlar üçin jemgyýetçilik saglygyny goramaga gönükdirilen utgaşdyrylan çäreleriň girizilendigini yglan etdiler.

Kanadanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikdäki beýannamasyna görä, bu utgaşdyrylan çemeleşme raýatlary goramak bilen bir hatarda, FIFA-nyň 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin gelmegine garaşylýan millionlarça myhmanyň, janköýeriň, türgeniň we syýahatçynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Demirgazyk Amerikanyň üç döwleti bu çäreleriň öz serhetlerinden geçýän syýahatyň we söwdanyň durnukly dowam etdirilmegine hem ýardam etjekdigini bellediler.

Kanada Kongo Demokratik Respublikasynyň, Ugandanyň we Günorta Sudanyň ýaşaýjylary üçin ýurda girmegi 90 gün möhlete çäklendirdi. Bu çäre çarşenbe güni güýje girdi we görkezilen ýurtlardan gelýän adamlar 21 günlük karantin düzgünlerini berjaý etmeli bolarlar.

Meksikanyň iň iri awiakompaniýasy Aeromexico anna güni sosial ulgamlarda çap eden habarynda soňky 21 günüň dowamynda Uganda, Kongo Demokratik Respublikasy ýa-da Günorta Sudan ýaly ýurtlara baryp gören ýolagçylara howa ýoly arkaly Meksika girmäge rugsat berilmejekdigini mälim etdi.

Birnäçe halkara gatnawlaryny amala aşyrýan meksikan arzan bahaly awiakompaniýalar Viva Aerobus we Volaris hem şuňa meňzeş çäklendirmeleriň 60 gün möhlet bilen güýje girizilendigini habar berdiler.

FIFA-nyň futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty ABŞ-da, Meksikada we Kanadada bilelikde geçiriler. Ýaryş 11-nji iýunda badalga alar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026