HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Smartfondaky jübi himiýa barlaghanasy adamyň gündelik durmuşyny üýtgeder

Maý 31, 2026 | 01:47 |3161
Halkara ylmy toparlar nanotehnologiýalar bilen emeli aňyň utgaşýan ugrunda düýbünden täze üstünlik gazandylar. Bu açyş ýakyn ýyllarda adaty mobil telefonlary güýçli seljeriş toplumlaryna öwürmäge mümkinçilik bererHalkara ylmy toparlar nanotehnologiýalar bilen emeli aňyň utgaşýan ugrunda düýbünden täze üstünlik gazandylar. Bu açyş ýakyn ýyllarda adaty mobil telefonlary güýçli seljeriş toplumlaryna öwürmäge mümkinçilik berer
Çeşme: forbes.ru

Halkara ylmy toparlar nanotehnologiýalar bilen emeli aňyň utgaşýan ugrunda düýbünden täze üstünlik gazandylar. Bu açyş ýakyn ýyllarda adaty mobil telefonlary güýçli seljeriş toplumlaryna öwürmäge mümkinçilik berer.

Adatça maddalaryň himiki düzümini takyk kesgitlemek üçin uly göwrümli we gymmat spektrometr enjamlary ulanylýardy. Bu enjamlaryň uly bolmagy prizmalar arkaly ýagtylyk şöhlesini dürli reňklere bölmek zerurlygy bilen baglydy. Dewis şäherçesindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň inženerler topary professor Saýful Islamyň ýolbaşçylygynda bu nusgawy çemeleşmäni düýbünden üýtgedip, bary-ýogy 0,4 inedördül millimetr ölçegdäki kremniý çibini döretdi. Bu ölçeg kiçijik çäge dänesi bilen deňeşdirilýär.

Çylşyrymly optikanyň ýerine alymlar ýarymgeçirijilere adam gözüne görünmeýän infragyzyl fotonlary kabul edýän ýörite nanoteksturaly on alty sany mikroskopik detektor ýerleşdirdiler. Şol bir wagtda Finlýandiýanyň Aalto uniwersitetiniň alymlary bäşe bäş mikrometr ölçegindäki alternatiw datçigi işläp taýýarladylar. Bu gurluş adam saçyndan iki ýüz esse inçe bolup, elektrik togunyň üýtgemeleri arkaly iň inçe ýagtylyk signallaryny tanap bilýär.

Iki tehnologiýanyň hem esasy syry emeli aň boldy. Sebäbi mikroskopik datçikler özbaşdak diňe tertipsiz sanly sesleri döredýärdi. Işläp düzüjiler müňlerçe nusga arkaly doly baglanyşykly neýroulgamy öwretdiler. Netijede algoritm bulaşyk elektrik signallaryny maddanyň arassa himiki spektri bilen dessine deňeşdirmegi öwrendi.

Şeýle mikroçipleriň sarp ediş elektronikasy bilen birleşdirilmegi adamlaryň gündelik durmuşyny düýpli üýtgeder we öý şertlerinde tiz anyklaýyş mümkinçiligini açar. Mysal üçin, supermarketde ulanyjy smartfonyň kamerasyny et ýa-da balyk önümlerine gönükdirse, içerki emeli aň skaneri birnäçe sekuntda önümiň näderejede täzedigini, gizlin konserwantlaryň ýa-da howply bakteriýalaryň bardygyny kesgitläp biler.

Saglygy goraýyş ulgamynda bolsa akylly gajetler süýjülik keseli bolan adamlara ganyň glýukoza derejesini gan almazdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de raýatlar diňe datçik arkaly derman serişdelerini barlap, galp dermanlary dessine ýüze çykaryp bilerler. Şeýle göçme barlaghana şahsy howpsuzlygyň görlüp-eşidilmedik derejesini üpjün edip, syýahat wagtynda agyz suwunyň hilini ýerinde barlamaga, şäher howasyndaky zäherli goşundylary anyklamaga we durmuş hiline gözegçiligi hünär derejesine çykarmaga mümkinçilik döreder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026