HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we BMG Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegiň çäklerinde magistrlik maksatnamasyny ýola goýýarlar

Maý 29, 2026 | 18:25 |6901
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ABŞ-a amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylygy döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlo bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ABŞ-a amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylygy döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlo bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ABŞ-a amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylygy döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlo bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bütindünýä guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumyny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerini, islendik jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini we BMG-niň Tertipnamasyna doly laýyklykda halkara hukugynyň ileri tutulmagyny ilerletmegiň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygy saklamagyň we ynanyşmak esasynda kadalaşdyrmagyň netijeli gurallaryny ilerletmegiň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berdiler.

Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) köp ýyllaryň dowamyndaky işine ýokary baha berdi we onuň ygtyýarlyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga ygrarlydygyny tassyklady. Söhbetdeşler sebitara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak maksady bilen, bu Merkeziň wezipelerini we işiniň esasy ugurlaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

rashid-meredov-rosemary-dicarlo-un-talks-tapi-university (1).jpg

Gepleşikleriň aýratyn temasy, durnukly halkara arhitekturasyny kemala getirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyç boldy.

Mundan başga-da, Rozmari DiKarlo Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek boýunça amaly ädimler bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Bu ägirt uly taslamanyň birinji tapgyry Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň döredilmegi boldy. Onuň binýadynda başlangyç tapgyrda ýöriteleşdirilen magistrlik maksatnamasyny ýola goýmak, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen Parahatçylyk uniwersiteti bilen göni hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirmek arkaly durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler we gurluşygy dowam edýän Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebit parahatçylygynyň hem-de energetika howpsuzlygyň kuwwatly şerti hökmündäki uly ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026