HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serbiýanyň Prezidenti Pekine geleninden soň Beýik Hytaý diwaryna baryp gördi

Maý 26, 2026 | 13:00 |2602
Çeşme: orient.tm

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiç 24-nji maýda Beýik Hytaý diwarynyň Pekiniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Badalin bölegine baryp gördi hem-de Hytaýa amala aşyrýan döwlet saparyndan uly garaşmalarynyň bardygyny aýtdy.

Şol günüň özünde Serbiýanyň lideri Si Szinpiniň çakylygy boýunça bäş günlük sapar bilen Pekine geldi.

Dostlugyň nyşany hökmünde we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu taryhy ýadygärlikde baýramçylyk ruhuny döretmek maksady bilen ýörite konsert guraldy. Onda serb artistleri milli aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirdiler.

“Biziň tanslarymyz söýgini görkezýär. Biz hem söýgimizi, serb halkynyň hytaý halkyna bolan söýgimizi size getirdik”, — diýip, Serbiýanyň “Kolo” milli halk tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Daniela Besiç aýtdy.

Saparyň dowamynda Aleksandar Wuçiç Beýik Hytaý diwarynyň fonunda ýadygärlik suratlaryny düşürdi hem-de bu ýeriň taryhy baradaky maglumatlary üns bilen diňledi.

“Bu ajaýyp ýer. Bu Beýik Hytaý diwaryny guran adamlar — ýeňilmez halk. Bu hytaý halky barada köp zady aýdýar. Biz siziň tutanýerliligiňiz, yzygiderliligiňiz, ýurduňyzy, serhetleriňizi, garaşsyzlygyňyzy we özygtyýarlylygyňyzy goramaga bolan ymtylyşyňyz barada köp gürrüň edýäris. Emma bu hemişe hytaý halkynyň zähmetsöýerligini we wepalylygyny hem görkezýär. Men muňa örän haýran galýaryn”, — diýip, Aleksandar Wuçiç aýtdy.

Prezident hytaý-serb dostlugyna ýokary baha berip, geljekdäki gatnaşyklara uly umyt baglaýandygyny aýtdy.

“Biz berk dostlugymyza ýokary baha berýäris. Hytaý halkyny gowy görýäris. Has köp hytaýly syýahatçylary, maýadarlary we raýatlary ýurdumyzda görmek isleýäris. Agyr döwürlerde Hytaýyň biziň bilen bolandygyna çuňňur minnetdardyrys. Dost kyn günde tanalýar. Berk dostluk barada aýdylsa, bu diňe bir nakyl däl, bu hakykatdan hem şeýle”, — diýip, Aleksandar Wuçiç belledi.

“Serbiýa geliň we biziň myhmansöýerligimizden lezzet alyň”, — diýip, serb lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Aleksandar Wuçiç “Beýik Hytaý diwary” sowgatlyk dükanyna hem baryp gördi we panda şekilli medeni sowgatlyklara uly gyzyklanma bildirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026