HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy Şansidäki pajygaly ýagdaý zerarly Hytaý Halk Respublikasyna gynanjyny bildirdiler

Maý 25, 2026 | 16:41 |9176
Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygy senagat desgasynda bolup geçen pajygaly waka zerarly dostlukly Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna çuňňur gynanjyny we raýdaşlygyny bildirdiTürkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygy senagat desgasynda bolup geçen pajygaly waka zerarly dostlukly Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna çuňňur gynanjyny we raýdaşlygyny bildirdi
Çeşme: cgtn.com

Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygy senagat desgasynda bolup geçen pajygaly waka zerarly dostlukly Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna çuňňur gynanjyny we raýdaşlygyny bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hytaýyň Liderine çuňňur gynanjyny bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edasynyň adyndan we hut öz adyndan ugradan hatynda, bu uly pajyganyň täsir eden ähli adamlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi we bolup geçen waka baradaky habaryň Türkmenistanda uly gynanç bilen kabul edilendigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurban bolan şahtaçylaryň maşgalalaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

Türkiýe we Gazagystan Hazar ugruny ösdürýärler: döwlet ýolbaşçylarynyň täze ylalaşyklary

13:53 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026