HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdiler

Maý 22, 2026 | 20:57 |5851
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Ankara şäherinde zenanlaryň jemgyýetdäki orny, halkara hyzmatdaşlyk we ahalteke atlary barada medeni çäre geçirildi.2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Ankara şäherinde zenanlaryň jemgyýetdäki orny, halkara hyzmatdaşlyk we ahalteke atlary barada medeni çäre geçirildi.
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde dabaraly çäre geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy hem-de Ankaradaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlarynyň jemgyýetçilik birleşigi (SHOM) bilen bilelikde guralyp, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we medeni dialogy pugtalandyrmak» atly mowzuga bagyşlandy.

Dabara diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmek, zenanlaryň jemgyýetçilik we diplomatik ugurlardaky ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem döwletleriň arasynda medeni dialogy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Çärä gatnaşan myhmanlar üçin milli däp-dessurlary, taryhy-medeni mirasy, Türkmenistanyň häzirki zaman gazanan üstünlikleri, şeýle hem türkmen milli tagamlary bilen tanyşdyrýan medeni maksatnama guraldy.

Şeýle hem çäräniň çäklerinde Ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosergi gurnaldy. Onda meşhur bedewleriň gözelligini, nepisligini we taryhy ähmiýetini şöhlelendirýän täsin suratlar ýerleşdirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär

13:45 Iýun 18, 2026
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026