HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar maýyplygy bolan adamlary goldamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Maý 22, 2026 | 17:20 |7270
19-njy maýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämmedow Katar döwletiniň körler üçin “Al-Noor” merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Mişaal bin Abdulla Sakr Al-Nuaými bilen iş duşuşygyny geçirdi19-njy maýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämmedow Katar döwletiniň körler üçin “Al-Noor” merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Mişaal bin Abdulla Sakr Al-Nuaými bilen iş duşuşygyny geçirdi
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy

19-njy maýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M. Seýitmämmedow Katar döwletiniň körler üçin “Al-Noor” merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Mişaal bin Abdulla Sakr Al-Nuaými bilen iş duşuşygyny geçirdi. Gepleşikleriň esasy mowzugy inklýuziw bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goldawy ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak hem-de tejribe alyşmak boldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty merkeziň ýolbaşçylaryny ýurdumyzyň esasy gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryp, aýratyn hem görüş we eşidiş taýdan mümkinçilikleri çäkli raýatlara döwlet tarapyndan berilýän goldawa ünsi çekdi.

Туркменистан и Катар развивают сотрудничество

Ilçi Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Hususan-da, ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän durmuş taslamalary bilen tanyşdyrdy hem-de aýratyn zerurlyklary bolan adamlar üçin bilim we lukmançylyk maksatnamalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi.

“Al-Noor” merkeziniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň inklýuziw syýasatyna ýokary baha berdiler. Taraplar amaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Geljekde iki ýurduň degişli hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak maksatnamalaryny ýola goýmak, bilelikdäki ynsanperwer çäreleri geçirmek we reabilitasiýanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026