Içki Mongoliýa: salkyn sähralar maglumat merkezleri üçin tebigy sowadyjy hökmünde

Maý 08, 2026 | 19:22 |30
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Pes temperaturalar we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň bolçulygy netijesinde Hytaýyň demirgazygyndaky bu sebit tehnologiýa kompaniýalaryny özüne çekýär. Ulankab şäherinde eýýäm maglumatlary işlemek merkezleriniň 89 taslamasy işe girizildi. Bu barada “CCTV+” habar berýär.

Tehnologiýa kompaniýalary maglumat merkezlerini Içki Mongoliýanyň öri meýdanlarynda barha ýygy gurýarlar. Bu ýeriň howasy salkyn, gaýtadan dikeldilýän energiýa bolsa örän köp — bu şertler hasaplama kuwwatyny artdyrmaga kömek edýär.

Ulankabda ortaça ýyllyk temperatura bary-ýogy 4,3 gradus. Şäher maglumat merkezleri üçin tebigy «sowadyja» öwrüldi. Bu ýere emeli aň ulgamynda işleýän iri kompaniýalar geldi.

“ZDATA” kompaniýasynyň dolandyrýan desgalarynyň birinde inženerler heläkçilik bolan ýagdaýynda edilmeli çäreleri türgenleşýärler. «Hasabat bermek üçin iki minut, näsazlygy barlamak üçin bäş minut, ony düzetmek üçin bolsa on minut wagt berilýär» diýip, Merkeziň direktory Sun Weý gürrüň berýär.

Iki ýylyň içinde serwer sütünleriniň sany bäş esse artdy. Energiýa üpjünçiligi muňa döz gelermi? Häkimiýetler aýrybaşga bir elektrik stansiýasynyň gurluşygyny goldadylar. «16 kilometr uzaklykda ýel generatorlary we gün panelleri ýerleşýär» diýip, “Centrin Data” kompaniýasynyň wekili Li Çunýao aýtdy.

Maglumat merkezleriniň ösmegi bilimi hem özgerdýär. Ýerli kollejiň serwer otaglary göni okuw otaglarynyň içinde ýerleşýär. «Geçen ýarym ýyllykda öwredilen zatlar eýýäm köneleşen bolup biler. Biziň mugallymlarymyz bolsa häzirki wagtda işläp ýören inženerlerdir» diýip, Lýu Ýun düşündirýär.

Öňler emeli aňyň ösüşi diňe alymlar we programmaçylar bilen baglanyşdyrylýan bolsa, indi ol bitewi bir ulgama: energiýa, ulanyşa, hyzmat edişe we hünärmenlere esaslanýar diýip, Lýu Ýun nygtaýar.

Beýleki habarlar