Hytaýda ýitip barýan jaýty burun maýmynlaryň sany 350-ä ýetdi

Ýakynda geçirilen ekologiýa gözegçiligine laýyklykda, Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunlong Tiançi milli tebigy goraghanasynda ýitip barýan Ýunlong jaýty burun maýmynlaryň sany 350-ä ýetipdir, bu bolsa olaryň sanynyň yzygiderli artýanlygyny hem-de ýaşaýyş şertleriniň gowulaşandygyny görkezýär.
Gözegçilik işleriniň dowamynda hünärmenler maýmyn toparlarynyň özlerini sagdyn duýýandyklaryny we olaryň örän işjeňligini, şeýle hem olaryň dag üstünden aşýan ýollaryny we özlerini alyp baryş aýratynlyklaryny bellediler.
Ýunlong Tiançi milli tebigy goraghanasy, Ýunlong jaýty burun maýmynlaryň şu uzak günortada ýaşaýan ýeke-täk milli tebigy goraghanasydyr.
Maýmynlaryň bu görnüşi ilkinji gezek 1988-nji ýylyň iýun aýynda Longma dag sebitinde tapyldy, şonda olaryň diňe 50-60 sanysy hasaba alnypdy. Şondan bäri goraghananyň demirgazyk we günorta böleklerini birikdirmek maksady bilen ekologiýa geçelgesini dikeldiş taslamasy yzygiderli durmuşa geçirildi.
Bu maýmynlaryň halaýan pürli arça we armand sosna agaçlaryny ekmek bilen, taslama tarapyndan bu jandarlaryň populýasiýasy we genetiki alyş-çalşygy üçin wajyp şertler döredildi, olaryň köpelmegi we ýaşamagy üçin has durnukly we ýaramly gurşaw peýda boldy.
Noýabr aýynda goraghana we birnäçe ylmy-barlag institutlary tarapyndan bilelikde geçirilen ylmy gözegçiligiň esasynda, bu maýmynlaryň sanynyň ilkinji gözegçilik başlanandan bäri 300 töweregi artandygy anyklandy.
“Soňky on ýylyň dowamynda bu maýmynlaryň sany ýylda 20 töweregi köpeldi. Olaryň ýaşaýan meýdany giňeldi we ýaşaýyş şertleri has gowulaşdy” diýip, bu tebigy goraghananyň ylmy-barlag bölüminiň başlygynyň orunbasary Li Ýunfang düşündirdi.







