Hytaýda maý baýramçylygy wagtynda wizasyz düzgün arkaly gelýän syýahatçylaryň sany boýunça täze rekordlar goýuldy

Maý 06, 2026 | 18:56 |49
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


45-den gowrak ýurt wizasyz girmek hukugyna eýe boldy, bu bolsa daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň görnetin artmagyna getirdi.

“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Hytaýdaky bäş günlük maý baýramçylygy wagtynda gelýän syýahatçylaryň sany pandemiýadan soňky döwürde iň ýokary derejä ýetdi. Bu görkeziji Kanada we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlaryň raýatlary üçin hem täze ornaşdyrylan we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylan wizasyz düzgüniniň giňeldilmegi bilen düşündirilýär.

30-njy aprel - 5-nji maý aralygynda Ýunnan welaýatynyň Hekou geçelgesinde 100 000-den gowrak adam Wýetnam bilen serhedi kesip geçdi. Szilin welaýatynda Russiýa bilen ýeke-täk gury ýer geçelgesi bolan Hunçun nokadynda bolsa 2019-njy ýyldan bäri iň köp adamly hepde hasaba alyndy.

Gadymy medeni ýadygärlikler hem örän meşhur boldy. Taryhy Sian şäheri gelýänleriň uly akymyny kabul etdi. Daşary ýurtly syýahatçylar şäher diwaryna çykdylar, adaty lybaslary geýip gördüler we medeni çärelere gatnaşdylar.

“Hytaýa gelenimde, munuň örän owadandygyna we hakykatdan hem haýran galdyryjyduygyna düşündim” diýip, italiýaly syýahatçy öz täsirleri bilen paýlaşdy. Türkiýeli syýahatçy bolsa “Hytaý medeni gymmatlyklary häzirki zamanyň täzeçillikleri bilen utgaşdyryp bilýän az sanly ýurtlaryň biridir. Siz dünýä täze tehnologiýalary, täze durmuşy we täzeçe çemeleşmeleri öwredýärsiňiz” diýip, üstüni ýetirdi.


Beýleki habarlar