Çöl ýoly ekologiýa taýdan arassa boldy: Sinszýanda 15 million kilowat-sagat arassa energiýa öndürildi

Maý 05, 2026 | 21:51 |58
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Dizel generatorlaryndan fotoelektrik ulgamlaryna çenli — ýol ýakasyndaky gorag tokaý zolagy ýylda 20 müň tonnadan gowrak CO2 siňdirýär

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde uglerod zyňyndysyz çöl awtomagistralynyň energiýa ulgamy täze sepgide ýetdi. Taslama işe girizileli bäri 15 million kilowat-sagat ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürildi. Bu barada duşenbe güni PetroChina kompaniýasy habar berdi. Bu barada CCTV+ maglumat taýýarlady.

Tarim çöl ýoly Hytaýyň iň uly çöli bolan Taklamakanyň içinden geçýän ilkinji awtomagistraldyr. Onuň gurluşygy 1995-nji ýylda tamamlandy.

2005-nji ýylda ýoluň iki tarapynda uzynlygy 436 kilometre barabar bolan gorag tokaý zolagy döredildi. Ol dünýäde hereket edýän çägeli çölleriň arasynda ululygy boýunça ikinji orunda durýan çölde ýoly çäge eroziýasyndan goraýar. Şol döwürde 109 sany suwaryş guýusy hem guruldy. Olar fotoelektrik ulgamlary tarapyndan öndürilýän ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen işleýär.

2022-nji ýylda PetroChina kompaniýasynyň Tarim nebit bölümi uglerod zyňyndysyz energiýa ulgamyna geçiş taslamasyny işe girizdi. Maksat ähli dizel generatorlaryny gün energiýasy bilen işleýän generatorlar bilen çalyşmakdy.

Bu taslama netijesinde diňe bir dizel ýangyjynyň sarp edilişi we CO2 zyňyndylary azaltmak bilen çäklenilmän, eýsem gorag tokaý zolagy hem ýylda 20 müň tonnadan gowrak CO2 siňdirmäge ukyply boldy. Bu bolsa şol ýoldan geçýän awtoulaglaryň uglerod zyňyndylaryny deňagramlaşdyrmak üçin ýeterlikdir. Şeýlelikde, ýol uglerod taýdan bitarap ýola öwrülýär.

Beýleki habarlar