Hytaýda maý baýramçylyklary: syýahatlaryň iň ýokary derejesi we ýollardaky dykynyşyklar.

Demir ýollary 18 milliondan gowrak ýolagça, awtomobil ýollary bolsa 63 milliondan gowrak syýahata hyzmat edýär
Hytaýda anna güni başlanan bäş günlük maý baýramçylyklary dowam edýär. Ýekşenbe güni, dynç alşyň üçünji gününde, tutuş ýurt boýunça syýahatlara bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Ýolagçy akymy gysga we orta aralyklara edilýän syýahatlar hasabyna artýar, meşhur syýahatçylyk şäherleriniň töweregindäki awtomobil ýollarynda bolsa uly agramlylyk duýulýar. Bu barada CCTV+ habar berýär.
Milli demir ýol operatorynyň çaklamalaryna görä, ýekşenbe güni demir ýollar 18 million 550 müň ýolagça hyzmat eder. Islegi kanagatlandyrmak üçin goşmaça 923 otly gatnawy ýola goýuldy.
Ýurduň günorta sebitlerinde ýagyşlar güýçlendi. Demir ýol edaralary meteorologiýa gulluklary bilen ýakyndan aragatnaşykda işleýärler: olar syýahatlaryň howpsuzlygyny we bökdençsizligini üpjün etmek üçin howa şertlerine gözegçilik edýärler we iş tertibini hakyky wagt tertibinde sazlaýarlar.
Awtomobil ýollarynda hem uly agramlylyk duýulýar. Ulag ministrliginiň çaklamalaryna görä, ýurduň ýokary tizlikli awto ýollar ulgamy boýunça gatnawlaryň sany 63 milliondan geçer. Esasan gysga aralyklara syýahatlar agdyklyk edýär we aýratyn-da Pekin, Çendu, Hançjou, Sian, Çanşa we Çunsin ýaly iri syýahatçylyk merkezleriniň töwereginde dyknyşyklar has göze ilýär.
Ulag agramlylygyny azaltmak üçin ýol edaralary ýollara goşmaça işgärleri ugratdylar, gyssagly ewakuasiýa nokatlarynyň sanyny artdyrdylar we ýol-ulag hadysalaryny sazlamak hem-de öwez töleglerini amala aşyrmak boýunça çaltlandyrylan çäreleri girizdiler.
Ministrligiň çaklamalaryna görä, ýekşenbe güni suw ýollary arkaly 2 million 160 müň ýolagçynyň gatnadylmagyna garaşylýar — bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende ýarym göterim köpdür. Howpsuzlyk maksady bilen, häkimiýetler meşhur gijeki syýahatçylyk gämileri we ýolagçy akymy uly bolan gezelenç ugurlaryna gözegçiligi güýçlendirdiler.







