Hytaý kuwwaty 16 megawat bolan dünýädäki iň uly ýüzýän ýel turbinasyny gurnady

Maý 04, 2026 | 22:10 |65
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Gaýtadan dikeldilýän energiýa dünýäsinde inženerleriň geljekki ýyllar üçin uly öňegidişlik diýip atlandyrýan wakasy boldy. Käbirleri «ýaşyl» energetika geçmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýan wagty, hytaýly hünärmenler ony gönüden-göni deňizde — deňi-taýy bolmadyk ýüzýän platformanyň üstünde gurnadylar. Munuň nähili amala aşyrylandygy barada kgiňişleýin CCTV+ habar berýär.

Geçen şenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Ýanszýan adasynyň golaýyndaky suwlarda kuwwaty 16 megawat bolan dünýädäki iň uly ýüzýän ýel turbinasy oturdyldy. Bu taslama “Three Gorges” synag gurmana” diýip at berildi.

Bu ýüzýän ýel turbinasy üç sany esasy bölekden ybarat: 16 megawatlyk aşa uly kuwwatly ýel turbinasyndan, ýarym suwa batan ýüzýän platformadan we düýbünden täze gämileri saklaýjy ulgamdan ybaratdyr. Rotoryň ganatlarynyň maksimal beýikligi 270 metrden geçýär, rotoryň diametri bolsa 252 metre deňdir. Şunda ganatlaryň aýlanýan meýdany takmynan ýedi sany standart futbol meýdançasyna deň gelýär.

Deňziň düýbüne berkidilen adaty turbinalardan tapawutlylykda, bu desga ýarym suwa batan ýüzýän platformanyň üstünde gurnalandyrylypdyr. Onuň uzynlygy 80 metr 82 santimetre, ini bolsa 91 metre ýetýär, suw göterijiligi bolsa 24 müň 100 tonnadyr. Platforma dokuz sany sorujy labyr arkaly berkidilipdir. Deňziň düýbünde ýerleşişini saklamak we berkitmek üçin ýurt içinde öndürilen ýokary netijeli poliefir süýümli kabeller hem-de labyr zynjyrlary ulanylýar.

Deňiz şertlerini ýeňip geçmek üçin inženerler topary Hytaýda ilkinji gezek täze gämileri saklaýjy ulgamyny, gözegçilik ulgamyny, işjeň ballastirleme ulgamyny, şeýle hem 66 kilowolt güýjenmeli dinamiki suwasty kabellerini işläp düzdüler we ornaşdyrdylar. Bu barada Hytaýyň “China Three Gorges” korporasiýasynyň Guandun şahamçasynyň deňiz ýel energetikasy boýunça inženeri Pan Hunguan habar berdi. Onuň sözlerine görä, täze saklaýjy ulgam poliefir kabeli bilen labyr zynjyryny özünde jemleýär. Bu ulgamyň ortasyna «pružina» goşulan ýalydyr we ol ajaýyp mehaniki häsiýetnamalary üpjün edýär.

«China Three Gorges» synag taslamasy ýel turbinasy mundan ozal Hytaýyň günortasyndaky Guansi-Çžuan awtonom sebitinde ýerleşýän Beýhaý şäheriniň Teşan portunda doly gurnama işlerinden geçdi. Soňra bolsa ol Ýanszýan kenaryndan ýetmiş kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän bellenen deňiz sebitine getirildi. Muňa çenli desga Hytaýyň günortasyndaky Haýnan ada welaýatyny bilen yklymdaky Guandun welaýatyny birleşdirýän Sýunszhou bogazy arkaly uzak aralyga çekilip getirildi.

Ulanmaga berleninden soň, ýel turbinasy ýylda takmynan 44 million 650 müň kilowatt-sagat arassa energiýa öndirer. Bu möçber 24 müň hojalygyň bir ýyllyk elektrik energiýasyna bolan islegini doly kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir.

Beýleki habarlar