Guançžou dokma önümleriniň Kanton sergisi arkaly dünýä bazaryna çykyşy

Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Guançžou şäheriniň dokma önümlerini öndürijileri, halkara bazaryny giňeltmek we daşary ýurt sargytlaryny artdyrmak üçin dünýäniň iň uly söwda sergisi bolan Kanton sergisiniň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýarlar.
Resmi taýdan Hytaýyň import we eksport sergisi hökmünde tanalýan 139-njy Kanton sergisi, 15-nji aprel bilen 5-nji maý aralygynda Guançžouda üç tapgyrda geçirilýär. Ol Hytaýyň bu esasy söwda sergisinde dürli görnüşli önümler bilen tanyşmak üçin bütin dünýäden alyjylary bir ýere jemleýär.
Haýçžu etrabyndaky, takmynan üç müň sany bäsleşige ukyply ýerli mata we geýim aksesuarlaryny üpjün edijileriniň jemlenen Guançžou halkara dokma şäherçesinde ýakynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça çäre geçirildi. Bu çäre ýerli kärhanalar bilen ABŞ we Fransiýa ýaly ýurtlardan gelen 40-dan gowrak halkara alyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam berdi.
Şri-Lankaly alyjy Aşen Lankatiraka «Biz çaga eşikleri üçin niýetlenen matalar boýunça ýöriteleşýäris. Meniň pikirimçe, şu günki gurnalan bu işewürlik duşuşygy ajaýyp pursat boldy. Bu örän gowy we täsirli konsepsiýa. Men bu bazarda birnäçe gezek boldum, ýöne maňa beýle mümkinçilik hiç wagt berilmändi. Şonuň üçin hem, bizi çagyrandygy we bu mümkinçiligi döredendigi üçin guramaçylyk komitetine örän minnetdar» - diýip belldi.
Soňky ýyllarda Guançžou şäheri Kanton sergisini gurnaýan şäher hökmündäki artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýar. Teklip we islegi anyk utgaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär, bütin dünýäden alyjylar ýerli kärhanalara baryp görmäge we hünär bazarlaryna içgin aralaşmaga giňden çagyrylýar. Bu bolsa daşary söwda hyzmatdaşlygynyň has netijeli bolmagyna ýardam edýär.
Haýçžu etrabynyň Ylym, senagat, söwda we maglumat býurosynyň baş ykdysatçysy Se Sýun «Biz müşderileriň satyn alyş isleglerini netijeli, takyk we ýekeme-ýek görnüşde kanagatlandyrýarys. Şol bir wagtyň özünde, bu çäre bize üpjün edijilerimiziň önümlerini daşary ýurt bazarlarynda has gowy mahabatlandyrmaga mümkinçilik berýär» - diýip belldi.







