220 million ýokary taýýarlykly işçi Hytaýyň önümçiligini täze derejä çykarýar

Maý 02, 2026 | 17:06 |47
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


16 ýaşynda Lýu Penşuaý mundan beýläk haýsy ýol bilen gitmelidigini bilenokdy. Deň-duşlarynyň köpüsinde bolşy ýaly adaty bilim almak kyn boldy we ol Hytaýda köplenç ikinji derejeli hasaplanýan ýoly — hünär mekdebi saýlady.

Ol Anhoý welaýatynyň Uhu tehniki institutyna okuwa girdi. Bu karar bolsa hemme zady üýtgetdi.

Häzirki wagtda Liu Penşuaý 25 ýaşly elektrik enjamlaryny işe girizmek boýunça inžener. Ol Hytaýyň esasy tehnologiýa merkezleriniň birine öwrülen we elektrik ulaglaryny öndürijileriň çalt ösýän toparynyň ýerleşýän ýeri bolan Anhoý welaýatynda işleýär. Liu robotlary programmalaşdyrýar, awtomatlaşdyrylan önümçilik ugurlarynyň we zawodlaryň sagat ýaly işlemegini üpjün edýär.

Onuň öz çeken zähmetiniň netijesini ilkinji gezek gören pursady öwrülişikli pursat boldy.

“Men ilkinji robotumyň işleýändigini gördüm. Soňra üç, dört, bäş... we ahyrsoňy ondan gowrak robotyň bilelikde hereket edýändigini gördüm. Bu ajaýypdy” diýip, Liu ýatlaýar. “Men bu prosessiň bir bölegi bolandygym üçin uly üstünlik duýgusyny duýdum.”

Hytaý çalt depginler bilen awtomatlaşdyrylan önümçilige geçýär. Ýurtda eýýäm 220 milliondan gowrak hünärli işçi bar we olaryň 70 milliondan gowragy ýokary hünärli hünärmenlerdir. Lýu ýaly inženerlere bolan isleg örän uly.

Hytaýda hünär bilimi täze pudaklaryň isleglerine uýgunlaşdyrylýar. Uhu tehniki institutynda robototehnika ugry boýunça okaýan talyplar hakyky önümçilige iň ýakyn bolan meseleler boýunça türgenleşýärler. Olar her okuw möwsüminde işleýän kärhanalarda önümçilik tejribeligini geçýärler.

Şol kärhanalaryň biri hem senagat robotlaryny öndüriji «Efort Intelligent Equipment» kompaniýasydyr. Onuň önümleri onlarça awtomobil markalaryny düzmek ugurlarynda ulanylýar. Işewürlik ösýär we ýokary hünärli hünärmenlere bolan isleg ýyl saýyn artýar.

«Efort» okuw merkeziniň direktory «Okuwyny tamamlanlaryndan soň, talyplar gönümel biziň zawodlarymyza tejribelige gelip bilýärler. Olar eýýäm robotlary dolandyrmagy, alan ukyplaryny ulanmagy we tehniki hyzmat işlerini ýerine ýetirmegi başarýarlar» diýip, Ýan Imin belledi.

Anhoý welaýaty 2025-nji ýyla çenli awtomobilleriň umumy önümçilik göwrümi we elektromobilleriň çykarylyşy boýunça Hytaýda öňdäki orunlara çykdy. Bu ýerde ýedi sany awtomobil öndürijisi we awtoşaýlary üpjün ediji üç müňden gowrak kompaniýa işleýär. Bu kuwwatly senagat binýady zehinli hünärmenleri ýetişdirmek üçin berk esas döredýär.

Talyp He Siçen hem şol institutda robototehnika ugrundan okaýar. «Okuwy tamamlanymdan soň, hünärim boýunça iş tapmaga umyt edýärin. Akylly önümçilik pudagyna girmek üçin yhlasly zähmet çekerin» diýip, ol aýdýar.

Her ýyl tutuş Hytaý boýunça hünär okuw mekdepleri millionlarça hünärmen ýetişdirip, döwrebap senagaty yzygiderli täze hünärmenler bilen üpjün edýärler. Millionlarça ýaşlar üçin bu ýol diňe bir iş tapmak pursady däl-de, eýsem abraý gazanmak, durmuşda maksat goýmaga we öz ýurdunynyň tehnologik geljeginde hakyky orun eýelemek mümkinçiligine öwrülýär.

Lýu Penşuaý öz ornuny tapdy. Onuň hekaýasy kadadan çykyş däl-de, eýsem kanunalaýyklykdyr. Ýokary tehnologiýaly ykdysadyýetiň isleglerine görä täzeden gurlan Hytaýyň hünär bilimi, ugruny ýitiren ýetginjekleri hünärli inženerlere öwürýär. Robotlaryň dolandyryş pultlarynyň başynda duran hut şolaryň özi hem Hytaý önümçiliginiň geljegini gurýarlar.

Beýleki habarlar