Hytaý 2030-a çenli älemiň gelip çykyşyny öwrener, Ýere meňzeş planetalary gözlär

2026-njy - 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasynyň döwründe Hytaý Halk Respublikasy älem ylmynyň esasy çäklerini öwrenmek üçin ylmy maksatly birnäçe emeli hemralaryny äleme uçurar. Bu uçuşlar älemiň gelip çykyşyny, älem howasyny öwrenmeklige hem-de Ýere meňzeş ekzoplanetalary gözlemeklige gönükdiriler. Hongmeng maksatnamasy, Kuafu-2 emeli hemrasy hem-de döwrebaplaşdyrylan älem rentgen obserwatoriýasy ýaly esasy taslamalar, “älemiň garaňky asyry” we Gün magnit siklleri ýaly ugurlarda öňegidişlikleri gazanmagy maksat edinýärler.
2011-nji ýylda älem ylmy boýunça Strategiýa taýdan ileri tutulýan maksatnamanyň başlanyndan bäri, Hytaý sekiz sany ylmy emeli hemrasyny äleme üstünlikli uçurdy. Olaryň arasynda Garaňky Materiýa Bölejiklerini Öwreniji, Älem Ölçeginde Kwant Eksperimentleri we Einstein Probe atly rentgen teleskopy bardyr. Bu maksatnama dünýäde ilkinji Asman rentgen kartasyny döretmek we älem şöhleleriniň iň takyk energiýa spektrler maglumatlaryny almak bilen uly üstünlikleri gazandy.
Bu maksatnama şeýle hem tehnologik ösüşlere itergi berdi, Emeli hemradan Ýere optiki baglanyşyk sazlaşdyrmasy ýaly esasy tehnologiýalary özleşdirdi we “Leňňeç gözi” atly dünýäde öňdebaryjy rentgen teleskopyny işläp düzdi. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti örän boldy boldy, Einstein Probe taslamasy Ýewropa Älem Agentliginden ilkinji bolup Hytaýyň älem ylmy taslamasyna “hyzmatdaşlyk mümkinçiligi” hökmünde gatnaşdy.
Soňky açyşlar täze rentgen şöhleleriniň geçiş çeşmelerini we Akmaýanyň ýoly galaktikasynyň içinde gowşak rentgen partlamalaryny ýüze çykarmak işlerini öz içine alýar.
Bu maglumatlar ýyldyz massaly gara tegmiller barada möhüm maglumatlary berýär hem-de gamma şöhle partlamalarynyň kabul edilen klassifikasiýalaryny şübhä alýar. Alymlar dünýäde iň uly ýyldyz rentgen partlamalarynyň nusgasyndan toplanan maglumatlary ulanyp, uly nusgaly rentgen partlamalaryny öwrenmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.
Bu Maksatnama Hytaýyň älem ylmynda barha artýan mümkinçiliklerini görkezdi. Dürli ugurlarda gazanylan köp sanly öňegidişlikler hem-de batly ösüş depgini Hytaý döwletiniň 2035-nji ýyla çenli öňdebaryjy ylym we tehnologiýa güýjüne öwrülmegine goşant goşar.







