Wizasyz düzgün we 240 sagatlyk üstaşyr geçiş Hytaýdaky syýahatçylygy özgertdi

Maý 01, 2026 | 22:00 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Has köp daşary ýurtly syýahatçy Hytaýy özleri üçin täzeden açýar. Mesele diňe Hytaý diwarynda ýa-da Gadagan şäherde däl. Esasy sebäp ýönekeý we täsirli: ýurt ahyry gapylaryny hakyky manysynda giňden açdy.

50 ýurduň raýatlary üçin wizasyz giriş, 29 döwlet bilen özara wizasyz ylalaşyklar we 55 ýurduň syýahatçylary üçin 240 sagatlyk üstaşyr geçiş — bu çäreler Hytaýy barmasy kyn bolan syrly ýurtdan dünýäniň iň isleg bildirilýän ugurlarynyň birine öwürdi.

Pekin bu täze syýasatyň esasy peýda görijisi boldy. Hytaý paýtagtynyň köçelerinde häzirki wagtda iňlis, ispan, arap, malaý dilleri barha ýygy-ýygydan eşidilýär. Syýahatçylar diňe bir “görmeli ýerleri belläp geçmek” üçin däl, eýsem medeniýete aralaşmak, naharlaryň tagamlary dadyp görmek we häzirki zaman Hytaýyň

nähili ýaşaýandygyna düşünmek üçin gelýärler.

Meselem, Julian atly syýahatçyny alyp göreliň. Ol Dasin halkara howa menziline uçup geldi, üstaşyr geçiş üçin wizasyz geçelgesinden peýdalandy we eýýäm ýarym sagatdan soň pasport gözegçiliginden aňsatlyk bilen geçdi. Merkeze tarap 45 kilometrlik ýolda dykylşyklarda durmagyň deregine, Julian “Airport Express” otlusyna ýagny hiç hili bökdençsiz ony göni Pekiniň ýüregine elten döwrebap ekspress otlusyna mündi.

Emma esasy başdan geçirme ony nahar stolunyň başynda garaşýardy. Julian eýýämden bäri Pekin ördeginiň tagamyny dadyp görmegi arzuw edipdi. Restoranda ol ördekleriň şol meşhur kitirdeýän gabygyny emele getirýän, 200 gradusa çenli gyzdyrylan äpet peçlere haýran galmak bilen seretdi. Ofisiant oňa bu nahary nähili dogry iýmelidigini sabyrlylyk bilen düşündirdi: blinçik, birneme sous, inçejik kesilen ördek eti, azajyk hyýar we sogan — soňra bolsa bularyň hemmesini garyp edip iýmeli. Julian munuň syýahatynyň iň ýatda galyjy pursatydygyny aýtdy.

Nahardan soň ol Gadagan şähere ugrady. Ol ýerde ony başga bir zat: gadymy diwarlaryň öňünde surata düşýän, taryhy lybasly hytaýly gyzlaryň we ýigitleriň mähellesi haýran galdyrdy. Adaty lybaslarda surata düşmek hakyky meýille öwrülipdir we syýahatçylar bu taryhy karnawala höwes bilen goşulýarlar.

Şeýle-de bolsa, Pekin myhmanlary dil bökdençligi we durmuş kynçylyklary bilen ýeke goýmaýar. Paýtagt we Dasin howa menzillerinde eýýämden bäri ýeke-täk hyzmat ediş nokatlary — syýahatçylar üçin özboluşly “hemme işi bitirýän gurallar” işleýär. Ol ýerde walýuta çalşygyndan başlap, sim-karta satyn almaga we taksi çagyrmaga çenli islendik meseläni çözüp bolýar. Ýakynda bolsa şäher “Alipay” programmasynyň halkara nusgasynda “GO BEIJING” onlaýn platformasyny işe girizdi. Onda 16 dilde 39 sany hyzmat, şol sanda taksi çagyrmak, myhmanhana bronlamak we hatda nähili ýerlere gidip, nämeleri görüp boljakdygy barada maslahat berýän emeli aň kömekçisi bar.

Netijeler özüni köp garaşdyrmady. Diňe 2026-njy ýylyň dowamynda Pekin ýedi milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi — bu geçen ýylka garanyňda 13 göterim köpdür. Sanlar bolsa yzygiderli artmagyny dowam edýär.

Soňky 12 aýyň dowamynda Hytaý diňe bir wizasyz ýurtlaryň sanawyny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem tranzit geçelgelerini hem bir nusga getirdi: öňki 72 sagatlyk we 144 sagatlyk möhletleriň deregine ýeke-täk 240 sagatlyk wizasyz üstaşyr geçiş girizildi. Häzirki wagtda bu ulgam ýurt boýunça 24 sany welaýaty, şäheri we awtonom sebitlerdäki, şeýle hem 65 sany serhet geçiş nokadyny öz içine alýar.

Hytaý dünýä açylýar. Görnüşine görä, bu amal eýýäm yzyna gaýtaryp bolmaz derejä ýetdi.

Beýleki habarlar