Hytaý Ählumumy Günortanyň dolandyryşda özgertmeleri geçirmek tagallalaryny goldaýar

Noýabr 25, 2025 | 22:40 |61
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryny öz içine alýan “Uly 20” (G20) guramasynyň liderleri taryhda ilkinji gezek Afrika yklymynda – Günorta Afrikanyň Ýohannesburg şäherinde geçirilen sammitinde ýygnandylar.

Geçen dynç günleri geçen bu duşuşygyň dowamynda Hytaý döwleti dolandyryşda özgertmeleri geçirmek tagallalarynyň çäginde Ählumumy Günortanyň ornunyň berkemegini goldady.

«Raýdaşlyk, Deňlik we Durnukly ösüş» şygary astynda geçirilen bu iki günlük çäre Afrika yklymy üçin örän wajyp boldy. Ählumumy dolandyryşda umumy ösüş maksatlaryny öňe sürmek bilen Afrika yklymy Ählumumy Günorta ähmiýetli bolan bu ugurda öz ornuny ýokarlandyrmaklyga çalyşýar.

Dünýäde dowam edýän düýpli özgerişlikleriň döwüründe ählumumy dolandyryş ulgamynyň täzeden guralmagynyň zerurlygy has hem berk duýulýar. Ählumumy Günorta ýurtlary bu babatda öňkülerden has ynamly çykyş edýärler.

Hytaý döwleti dürli hyzmatdaşlyk ugurlary arkaly Ählumumy Günortanyň halkara dolandyryşyndaky ornuny giňeltmekde möhüm güýç hökmünde çykyş edýär.

BRICS hyzmatdaşlygyny Hytaýyň işjeň goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda BRICS guramasy 11 sany agza döwletlerden we 10 sany hyzmatdaş ýurtlardan ybarat bolup, bu ýurtlaryň ilaty dünýäniň ilatynyň 40 göteriminden gowragyny düzýändir.

Şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy giň gerimli infrastruktura gurluşygyny öňe sürýär. Muňa mysal hökmünde Keniýanyň Mombasa–Nairobi demirýolyny görkezmek bolýar. Bu taslama ýurduň ykdysadyýetini ortaça 2 göterim ýokarlandyrar diýip, çaklanýar.

Hytaý döwletiniň dört sany ählumumy başlangyçlary, ýagny ösüş, howpsuzlyk, medeniýet we dolandyryş başlangyçlary bu tagallalaryň umumy ýörelgesi bolup durýar.

Bu başlangyçlar gatnaşýan ýurtlaryň umumy ösüşine üns bermegi, umumy howpsuzlygy üpjün etmegi, medeniýetleriň deňhukuklylygyny goldamagy hem-de iň möhümi – has demokratik we adalatly ählumumy dolandyryş ulgamyny gurmagy maksat edinýär.

Beýleki habarlar