Hytaýyň deňiz ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde 5,4 göterim ýokarlandy

Deslapky hasaplamalara görä, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň umumy deňiz önümi 2,6 trillion ýuana barabar boldy. Bu bolsa 380 milliard ABŞ dollaryndan gowrakdyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş 5,4 göterimi düzdi. Şeýlelikde, ýyl deňiz pudagy üçin üstünlikli başlandy.
Hytaýyň Tebigy serişdeler ministrliginiň Deňiz pudagynyň strategiki meýilleşdirişi we ykdysadyýeti departamentiniň müdiriniň orunbasary Men Sinleýiň aýtmagyna görä, bu pudak ýurduň ykdysady ösüşini goldamakda möhüm orun eýelemegini dowam etdirýär. Onuň sözlerine görä, birinji çärýekde deňiz ykdysadyýeti güýçli ösüş depginini saklap, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijileriniň biri boldy. Bu pudak ýurduň umumy ykdysady ösüşine 0,4 göterim görkeziji goşant goşdy.
Adaty deňiz pudaklary öz esaslaryny berkitmegi dowam etdirýär we döwrebaplaşdyrma hem-de özgertmeler ugrunda durnukly ösüş görkezýär.
Ýanwar–mart aýlarynda gämi gurluşygy pudagy durnukly ösüş depginini saklady. Täze sargytlar, gurlan gämileriň möçberi we sargytlaryň umumy bukjasy ep-esli artdy. Görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende degişlilikde 116,7 göterime, 33,3 göterime we 30 göterime çenli ýokarlandy. Hytaý dünýä gämi gurluşygy bazarynda iň uly paýy saklap galdy.
Şeýle hem birnäçe ýokary derejeli, ekologiýa taýdan arassa gämiler suwa goýberildi ýa-da sargyt edijilere gowşuryldy. Olaryň arasynda Hytaýda gurlan ikinji uly kruiz gämisi “Aýda Huaçen”, 174 müň kub metr sygymly “Green Energy Wind” gaz daşaýjy gämi hem-de dünýäde ilkinji bolup ýel güýjüni hem ulanýan iki ýangyçly, 114 müň tonna sygymly suwuklandyrylan tebigy gaz tanker bar. Bu taslamalar Hytaýyň gämi gurluşygyndaky tehnologiki mümkinçiliklerini we netijeliligini görkezýär.
Deňiz arkaly ýük daşamalary hem birinji çärýekde durnukly ösüş görkezdi. Deňiz ýük daşamalarynyň möçberi ýyllyk hasapda 6,8 göterim, ýük dolanyşygy bolsa 9,4 göterim artdy.
Deňiz syýahatçylygy hem güýçli ösüş bilen başlady. Syýahatçylaryň akymy 6,3 göterim, ýolagçy daşamalarynyň möçberi bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11,6 göterim ýokarlandy.







