Kanton sergisi ilkinji iki tapgyrda 245 000 daşary ýurtly alyjyny özüne çekdi

Aprel 29, 2026 | 19:10 |39
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

‎Hytaýyň daşary söwda merkeziniň maglumatlaryna görä, duşenbe güni öýläne çenli Hytaýyň import we eksport harytlarynyň 139-njy sergisi ýagny Kanton sergisiniň ilkinji iki tapgyryna 219 ýurtdan we sebitden 245 000 daşary ýurtly alyjy gatnaşdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,2% köpdür. Çärä 140 sany daşary ýurt senagat we söwda guramasy, şeýle hem ABŞ-dan, Meksikadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan 344 sany öňdebaryjy kärhana gatnaşdy — bu bolsa geçen serginiň görkezijilerinden 4,9% ýokarydyr.

‎‎Şu ýyl sergi Guançžou şäherinde (Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýaty) üç tapgyrda geçirilýär we 5-nji maýa çenli dowam eder. 23-27-nji aprel aralygynda bolup geçen ikinji tapgyr "ýokary hilli öý durmuşy" mowzugyna ýagny gurluşyk serişdelerine, mebelle, öý üçin harytlara, sowgatlyklara we bezeglere bagyşlandy. Bu tapgyrda Hytaýyň öý harytlary pudagy döwrebap serişdeleri, häzirki zaman önümçilik tehnologiýalaryny we geljegi uly dizaýn konsepsiýalaryny hödürledi.

‎‎Sergide durnukly ösüşe aýratyn üns berildi: gatnaşyjylar ekologik taýdan arassa önümleri, şol sanda gündelik durmuşda ulanylýan we tebigatda öz-özünden dargaýan gap-gaçlary hem-de gurşaw üçin howpsuz gurluşyk serişdelerini görkezdiler. Ekologiýa ugrundaky bu dürli-dürli, professional derejesindäki we toplumlaýyn çözgütler halkara alyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Täze Zelandiýaly alyjylaryň biri haryt görnüşleriniň örän köpdügini, ekologik taýdan arassa we durnukly önümleriň bolsa barha artýandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, sergide yzygiderli ösüş duýulýar, täze dizaýnerçilik çözgütleri ýüze çykýar we bu hakykatdan hem döredijilikli çemeleşmedir. Beýik Britaniýadan gelen alyjy bolsa hytaýly öndürijileriň täze önümleri, tehnologiýalary we ideýalary döretmek ukybyna ýokary baha berip, işewürlige başlamak isleýän her bir adamyň hökman Kanton sergisinden başlamalydygyny aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.

‎‎Serginiň üçünji tapgyry 1-5-nji maý aralygynda meýilleşdirilip, ol oýunjaklara, göwreli we çaga emdirýän eneler üçin harytlara, öý dokmasyna, kanselýariýa harytlaryna, şeýle hem saglyk we dynç alyş önümlerine bagyşlanar. 1957-nji ýylda esaslandyrylan Kanton sergisi Guançžouda ýylda iki gezek geçirilýär. Bu Hytaýdaky iň köne we iň uly halkara söwda çäreleriniň biri bolup, ýurduň daşary söwdasynyň "barometri" hasaplanýar.

Beýleki habarlar