Hytaý öz taryhynda iň uly suwuklandyrylan tebigy gazy (LNG) daşaýan tankerini gurdy we ýene bäşisini taýýarlap başlady

Aprel 28, 2026 | 20:36 |74
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň gämi gurluşygy taryhy bir sepgide ýetdi. Ýekşenbe güni sargyt edijä ýurtda doly özbaşdak taslanyp gurlan iň uly suwuklandyrylan tebigy gaz tankeri gowşuryldy.

Celsius Georgetown atly gäminiň uzynlygy takmynan 299 metr, ini bolsa 48 metr bolup, ol 180 000 kub metr suwuklandyrylan tebigy gazy daşamaga ukyplydyr. Dabara tamamlanandan soň, gämi China Merchants Heavy Industry (Jiangsu) zawodyndan çykyp, Singapura tarap ugur aldy. Serhet gullugynyň sazlaşykly işi netijesinde resmileşdiriş tizleşdirildi we gämi amatly joşgun wagtynda deňze çykdy.

Taslamanyň ýolbaşçysy Lu Szinlun sargytlaryň portfeliniň eýýäm şeýle alty gämini öz içine alýandygyny aýtdy. Galan bäşisi häzirki wagtda gurluşykda, ikinji gämi bolsa üç aýdan taýýar bolar.

Tebigy suwuklandyrylan gaz tankerleri gämi gurluşygynda iň ýokary derejeli tehnologiýalaryň biridir. Gaz bu gämilerde -163 gradus temperaturada daşalýar, gurluşygyň çylşyrymlylygy sebäpli bolsa şeýle gämilere pudagyň “täjiniň dürleri” diýilýär. Hytaý bu elit bazaryň paýyny ynamly görnüşde ele alýar.

Beýleki habarlar