Rulyň başynda ukyga gitmek entek ir, ýöne awtopilot eýýäm golaýda: “Auto China 2026” sergisi nähili netijeleri görkezdi

Aprel 28, 2026 | 20:30 |89
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sürüji talap etmeýän awtomobiller — “Auto China 2026” Pekin awtosalonyň esasy mowzugy boldy. Sergi 24-nji aprelde açyldy we eýýäm anyk ugry kesgitledi: 2027-nji ýyla çenli Hytaý 3-nji derejeli awtonom dolandyryşy köpçülikleýin ornaşdyrmaga geçer.

Bu derejeli ulaglar özbaşdak hereket etmäge ukyplydyr, ýöne ätiýaçlyk üçin adamyň gatnaşmagyny talap edýär. “Huawei” kompaniýasyndan Sýu Çaonyň sözlerine görä, pudak uly öňegidişligiň bosagasynda dur, emma onuň öňünde üç sany wezipe bar: hakyky şertlerde on esse ýokary bolan howpsuzlygy subut etmek, jogapkärçiligi sürüji bilen öndürijiniň arasynda paýlamagyň kanunlaryny kämilleşdirmek, şeýle hem jemgyýete köçelerdäki sürüjisiz awtomobillere öwrenişmek üçin wagt bermek.

Indiki basgançak — 4-nji dereje — sürüjä öz ornundan doly turmaga mümkinçilik berer. Sýu Çaonyň ynam bilen aýtmagyna görä: «Bu eýýam hökman geler».

“Auto China 2026” eýýäm dünýäniň iň iri awtosalony hökmünde taryha girdi: 380 000 inedördül metr meýdan, 1451 awtomobil, 181 sany premýera we 71 sany konsept-kar. Sergä 21 ýurtdan dürli kompaniýalar gatnaşýarlar.

Beýleki habarlar