Haryt satyn aldyň — puluň bir bölegini yzyna aldyň: Hytaý syýahatçylar üçin salgyt yzyna gaýtarmagy hakyky wagt ýagdaýyna geçirdi

Aprel 28, 2026 | 20:29 |72
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda syýahatçylyk söwdasy amatlylyk özgertmeleri başdan geçirýär. Salgyt gullugynyň maglumatlaryna görä, bir ýylyň içinde daşary ýurtlulardan goşulan baha üçin salgydy yzyna gaýtarmak baradaky arzalaryň sany takmynan 13 esse, yzyna gaýtarmalaryň we söwdanyň möçberi bolsa 9 esseden gowrak artdy.

Munuň esasy sebäbi — geçen ýylyň aprelinde başlanan özgertmedir. Hytaý dükanlara salgydy satyn alnan ýerinde yzyna gaýtarmaga rugsat berdi we syýahatçylary howa menzilindäki nobata durmak meselesini aradan aýyrdy. Puly şol pursatda yzyna gaýtaryş nokatlary esasy şäherlerde ýagny Pekinde, Şanhaýda, Çunsin we Çendu şäherlerinde, şeýle hem Guançžouda peýda boldy. Şanhaý we Hançžou bolsa has hem öňe gidip, onlaýn ýagdaýda yzyna gaýtarmak ulgamyny ornaşdyrdylar.

Bu ulgamyň gerimi örän çalt giňelýär: eýýäm ýurt boýunça 8000-den gowrak dükan puly bada-bat yzyna berýär — bu bolsa geçen ýyldakydan iki esse köpdür. Pudak seljerijileri birmeňzeş pikiri öňe sürýärler: puly derrew yzyna gaýtarmak mehanizmi bir gezeklik söwdany goşmaça çykdajy tapgyryna öwürýär we daşary ýurtly myhmanlar üçin Hytaýda bolmagy has amatly hem-de bähbitli edýär.


Beýleki habarlar