Hytaýyň “akylly” äýnekler bazary, önümleriň çalt kämilleşmegi netijesinde uly ösüş başdan geçirýär

Aprel 27, 2026 | 20:07 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň “äýnekler” bazary 2025-nji ýylda täsirli netijeleri görkezdi: jemi iberilen harytlaryň möçberi 87,1% ýokarlanyp, 2,46 million birlige ýetdi. Täze önümleriň çalt çykarylmagy netijesinde bu meýiliň dowam etmegine garaşylýar.

Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Hançžou şäherindäki optika dükanlarynyň birinde köp sanly alyjy “akylly” äýnekleri geýip görýärler we satyn alýarlar.

«Meniň ilkinji täsirim — muňa ynanar ýaly däl derejedäki ýeňillik. Gije welosiped sürenimde, nawigasiýa funksiýasyndan peýdalanyp bilýärin» diýip, alyjylaryň biri aýtdy.

«Men kino we telewideniýe pudagynda işleýärin, şonuň üçin suratyň hili we reňkleriň dogry berilmegi meniň üçin örän möhüm. Resmi bahasy takmynan 4200 (takmynan 614 ABŞ dollary) – 4300 ýuan töweregi, ýöne döwlet ýeňilligini hasaba alanyňda, baha 3800 ýuana çenli düşýär, bu bolsa meniň pikirimçe doly amatlydyr» diýip, başga bir alyjy aýtdy.

Dükanyň dolandyryjysy 2025-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri satuwlaryň mese-mälim ýokarlanandygyny we täze önümleriň ýakynda satuwa çykarylmagy bilen bu ösüşiň dowam etjekdigine garaşylýandygyny habar berdi.

«Görkezmesiz äýnekleri ýasamak takmynan bir hepde wagt alýar. Ýörite görmezme boýunça sargyt edilen äýnekler üçin bolsa 25 gün töweregi wagt gerek. Aprel aýynyň ilkinji iki heptesinde biziň satuwlarymyz mart aýy bilen deňeşdirilende eýýäm iki esse diýen ýaly artdy» diýip, dükanyň dolandyryjysy aýtdy.

Pudagyň bilermenleri “akylly” äýnekleriň satuwynyň çalt ösmegini birnäçe faktorlar bilen düşündirdiler: bularyň arasynda emeli aňyň uly modelleriniň terminal enjamlarynda iş ýüzünde ulanylmagy, täze önümleriň yzygiderli çykarylmagy we sarp edişi goldaýan milli ýeňillikler syýasaty bar.

Olaryň funksionallygy adaty sesli aragatnaşykdan, surata düşürmekden we nawigasiýadan has ileri geçip, emeli aňyň mümkinçiliklerini özünde doly jemleýär hem-de ofis, syýahat we akylly öý ýaly dürli ugurlara giňden ornaşýar.

Hytaýyň Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlary aralygynda akylly äýnekleriň ýurduň içindäki iberiliş mukdary 424 000 birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36,2% köpdür. Onlaýn satuwlar bolsa 183,5% ýokarlandy.


Beýleki habarlar