Hytaýda öndürilen aşhana gap-gaçlary Kanton sergisinde dünýä derejesinde meşhurlyk gazandy

Häzirki wagtda geçirilýän, Kanton sergisi ady bilen hem tanalýan Hytaýyň import we eksport harytlarynyň sergisinde Hytaýyň aşhana üçin gap-gaçlary halkara alyjylaryň arasynda barha uly ykrarnama eýe bolýar. Bu sergi ýerli kompaniýalar üçin innowasiýalary görkezmek we täze mümkinçilikleri açmak üçin esasy meýdança öwrülýär.
Serginiň ikinji tapgyrynda aşhana üçin gap-gaçlarynyň ekspozisiýasy 70 000 inedördül metrden gowrak meýdany tutup, 3300-den gowrak diwarlygy öz içine alýar. Bu bolsa ony çäräniň iň uly bölegine öwürýär.
Halkara alyjylar hytaý önümleriniň dürliligi we ýokary hilligi sebäpli her ýyl bu sergä gaýtadan gelýändiklerini belleýärler.
«Bu ýer harytlaryň örän gowy görnüşlerini tapmak we dürli öndürijiler bilen duşuşmak üçin amatly ýerdir. Bu ýyl bu ýerde örän giň önüm görnüşleri hödürlenýär. Harytlaryň hiline düşünmek üçin hökman şu ýere gelip, olary görmeli we ellemeli» diýip, britaniýaly alyjy Stýuart Jeýms Smit aýtdy.
Hytaý kompaniýalarynyň bazar meýillerine çalt uýgunlaşmak ukyby — bütin dünýäden alyjylary özüne çekýän ýene bir şertdir.
«Kanton sergisi — sergiler üçin dünýä nusgasydyr. Şonuň üçin täzelikler we bazardaky meýiller barada bilmek üçin bize şu ýerde bolmak örän zerur. Hytaýda, aýratyn-da hytaýly gap-gaç üpjünçilerinde meni haýran galdyrýan zat — olaryň çeýeligi, isleglere çalt jogap berip bilmegi we sorag ýüze çykanda çözgüt tapmak ukybydyr. Men muňa ýokary baha berýärin» diýip, italiýaly alyjy Paolo Rowere aýtdy.
Hytaý kompaniýalary üçin bu sergi diňe bir haryt görkezilýän ýer däl-de, eýsem täze mümkinçiliklere açylýan gapydyr.
Hytaýly gatnaşyjy Çen Helin öz kompaniýasynyň bu sergidäki taryhyny ýatlap, ozal kiçijik bir diwarlyk we ýönekeý gap-gaçlar bilen başlandyklaryny, indi bolsa ýurduň kämil çig mallaryndan taýýarlanan önümleriň doly toplumyny öndürýändiklerini belledi.
«Çig mal serişdeleriniň ösdürilmegi Hytaýyň senagat ösüşini ep-esli çaltlandyrdy. Materiallaryň we tehnologiýalaryň kämilleşmegi bilen önümçilik ugurlary yzygiderli gowulandy we hytaý önümçiligi doly integrirlenen ýagdaýa geldi. Has ýokary hilli materiallar, standartlar we ýokary tehnologiýaly enjamlar saýasynda hytaý önümleri dünýä bazarlarynda ymykly orun aldy. Kanton sergisi bolsa kompaniýalaryň öz iň täze tehnologiýalaryny, täze önümlerini, täze materiallaryny, täze pkirleri we döwrebap durmuş ýörelgelerini görkezýän ýerine öwrüldi» diýip, Çen aýtdy.
Aşhana üçin gap-gaçlary bölümi 2002-nji ýylda, 91-nji Kanton sergisinde özbaşdak ugur boldy. Şondan bäri ol barha köpdürli önüm görnüşlerini hödürläp, yzygiderli giňelýär.
Hytaýyň import we eksport harytlarynyň 139-njy sergisi 15-nji aprel bilen 5-nji maý aralygynda Guançžouda üç tapgyrda geçirilýär. Onuň 23–27-nji aprel aralygyndaky ikinji tapgyry gurluşyk materiallaryna, mebellere, öý harytlaryna we bezeg önümlerine bagyşlanýar.
1957-nji ýylda esaslandyrylan Kanton sergisi Hytaýyň günortasyndaky Guançžou şäherinde ýylda iki gezek geçirilýär. Bu Hytaýdaky iň uzak möhletli köpugurly halkara söwda çäreleriniň biridir we Hytaýyň daşary söwdasynyň “barometri” hökmünde atlandyrylýar.







