Halkara awtoulag öndürijileri täze energiýa awtoulaglary boýunça hyzmatdaşlygyny berkidýär

Noýabr 24, 2025 | 19:40 |59
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Birnäçe halkara awtoulag öndürijileri hepdäniň anna güni Guançžouda açylan 2025-nji ýylyň Halkara awtoulag sergisinde Hytaý bazary üçin ýörite taýýarlanan täze önümleri tanyşdyrdy. Munuň sebäbi bolsa Hytaýda täze energiýa awtoulaglaryna bolan islegiň artmagydyr.

Olar täze energiýa ugrunda hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk arkaly ýerli önümçilige geçişi hem tizleşdirýärler.

Germaniýanyň Audi kompaniýasy geçen ýyl Guançžou halkara awtoulag sergisinde täze energiýaly awtoulagynyň ilkinji görkezilişinden soň, bu ýyl täze konseptual SUV ulagyny hödürledi.

Onuň dizaýny Hytaýyň ýokary hilli täze energiýa awtoulaglarynyň ýörelgesine laýyk gelýär. Ulag 800 woltly ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr we 700 kilometrden gowrak aralygy geçip bilýär.

Mundan başga-da, Hytaýda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly ýerli önümçilige geçişiň çaltlaşdyrylmagy halkara öndürijiler üçin täze strategiki ugur hökmünde kesgitlenýär.

“Hytaý döwleti Audi kompaniýasy üçin möhüm bazar bolup durýar. Mundan başga-da, biz bu ýerde uzak ýyllardan bäri işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň biridiris. Biz 40 ýyl töweregi mundan ozal Hytaýyň ilkinji premium derejeli awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda bu ýere gelip, önümçiligimizi Hytaýda ýerli ýagdaýlara uýgunlaşdyrdyk. Indi bolsa Hytaý täze energiýa awtoulaglary boýunça iň çalt ösýän hem innowasion bazara öwrüldi”, diýip, Audi we SAIC hyzmatdaşlyk taslamasynyň baş direktory Fermin Soneýra aýtdy.

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisiniň wekiliniň aýtmagyna görä, halkara awtoulag öndürijileriniň Hytaý bilen täze energiýa awtoulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagynyň esasy sebäbi Hytaýyň güýçli we doly utgaşdyrylan täze energiýa awtoulaglary önümçilik zynjyrydyr.

“Hytaýyň täze energiýa awtoulaglary önümçilik zynjyrynyň ähli tapgyrlaryny azyndan 15–20 ýyl bäri ösdürýär. Hytaýyň täze energiýa awtoulaglary önümçilik zynjyryň ösüşi örän ýokary derejede, we bazarda degişli awtoulaglaryň soňky ýyllarda çalt artmagy esasynda uzak möhletli toplanan tejribä esaslanýar”, diýip, Ford China edarasynyň prezidenti we baş direktory Wu Şenbo aýtdy.

Germaniýanyň Mercedes-Benz kompaniýasy “Formula-1” ýaryş tehnologiýasyndan ylham alnan ilkinji doly elektrik modelini hödürläp, pudakda uly öňegidişlik gazandy.

“Biz muny Pekin we Şanhaý şäherlerindäki ylmy-barlag merkezlerimiziň ysnyşykly işläp, “goşmaça güýç” döretmegi hökmünde düşündirýäris. Güýçli üpjünçilik zynjyry, hyzmatdaş kompaniýalar arkaly ýerli önümçiligi has-da giňeltmek isleýäris”, diýip, Mercedes-Benz Group AG kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Oliwer Ton aýtdy.

Awtoulag sergisi 30-njy noýabra çenli dowam eder. Sergide takmynan 100 sany täze modelleriň ilkinji tanyşdyrylyşy hem-de 1000-den gowrak awtoulag görkezilýär. Olardan 629 sanysy täze energiýa awtoulagy bolup, olaryň umumy sanynyň 60%-den gowragyny düzýändir.

Beýleki habarlar