Hytaýyň Şanhaý biržasyndaky nikel fýuçersleri bütin dünýäniň maýadarlary üçin açyk

Aprel 24, 2026 | 07:00 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sişenbe güni Şanhaý fýuçers biržasy daşary ýurtly treýderler we ökde daşary ýurtly maýadarlar üçin nikel fýuçersleri we opsionlary bilen söwda etmäge mümkinçilik döretdi.

Bu ädim gatnaşyjylaryň täze üç görnüşine: daşary ýurtly ýörite gatnaşyjylara, daşary ýurtly araçy guramalara we daşary ýurtly müşderilere nikel fýuçersleri we opsionlarynyň söwdasyna göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

"Bazaryň daşary ýurtly maýadarlar üçin açylmagy bazaryň gurluşyny has-da kämilleşdirmäge, onuň çuňlugyny we satuw ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, nikel üpjünçilik zynjyrynyň ählumumy kärhanalary üçin nyrh töwekgelçiligini dolandyrmakda netijeli gurallary hödürlär we pudagyň hem-de üpjünçilik zynjyrynyň durnukly işlemegine ýardam eder" diýip, Şanhaý fýuçers biržasynyň haryt fýuçersleri bölüminiň ýolbaşçysy Çen Ýe belledi.

Nikel — poslamaýan polat öndürmekde, elektromobilleriň akkumulýatorlarynda we awiasiýa-kosmos senagatynda esasy serişde bolup hyzmat edýär. Nikeliň dünýädäki iň uly sarp edijisi we import edijisi bolan Hytaý, nikel boýunça bitewi önümçilik zynjyryny döretdi. Bu bolsa önümçilikde, söwdada we sarp edişde uly artykmaçlyklary emele getirip, ýurduň ählumumy nyrh emele geliş prosesine gatnaşmagy üçin berk binýat boldy.

"Nikel fýuçersleriniň we opsionlarynyň ýakynda başlanan halkaralaşdyrylmagy diňe bir Hytaýyň fýuçers bazaryny daşarky dünýä açmak üçin möhüm çäre bolmak bilen çäklenmän, eýsem Hytaýyň nikel senagatynyň ählumumy baha ulgamyna çuňňur integrasiýanyň täze tapgyryna girmegini alamatlandyrýar. Bir tarapdan, Hytaýyň bu şertnamalary daşary ýurtly maýadarlar üçin açmagy bazaryň gatnaşyjylaryny köpeldýär; beýleki tarapdan bolsa, bazaryň satuw ukybyny artdyryp, içerki we daşary nyrhlaryň arasyndaky sazlaşygy üpjün eder we dünýä derejesinde has anyk "hytaý nyrhynyň" kemala gelmegini ýeňilleşdirer" diýip, Hytaýyň reňkli metallar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Wan Szýan aýtdy.

2018-nji ýylda nebit fýuçers şertnamalarynyň daşary ýurtly maýadarlar üçin açylmagyndan bäri, Hytaýyň fýuçers bazary yzygiderli görnüşde daşary dünýä açylmagyny dowam etdirýär.

Häzirki wagtda Hytaýyň fýuçers bazarynda 38 sany haryt fýuçersiniň daşary ýurtly maýadarlar üçin açylmagyna rugsat berildi. Bu ulgam energetika, metallar, himiýa senagaty, oba hojalyk önümleri we beýleki ugurlary öz içine alýar.

Beýleki habarlar