Hytaýyň çig mal pudagy ýanwar-mart aýlarynda güýçli ösüş görkezdi.
Aprel 24, 2026 | 06:50 |54

Hytaýyň çig mal senagaty ýylyň başynda durnukly ösüş görkezdi. Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň (MIIT) beren maglumatyna görä, birinji çärýekde goşulan baha görnüşindäki senagat önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6 göterim artdy. Bu ösüşe peýdanyň durnukly artmagy, gurluşyň kämilleşmegi we innowasion üstünlikler ýardam etdi.
Senagat we maglumat tehnologiýalary ministriniň orunbasary Çžan Ýunmingiň aýtmagyna görä, birinji çärýekde nebit-himiýa we himiýa pudagynyň önümçiligi 7,4 göterim, reňkli metallurgiýa pudagy bolsa 2,6 göterim ösdi. Ýanwar-fewral aýlarynda iri çig mal kärhanalarynyň girdejisi geçen ýylyňka seredeniňde 45,6 göterim ýokarlandy.
Polat senagatynda käbir önümleriň mukdarynyň azalmagyna garamazdan, goşulan baha 2,5 göterim artdy. Sement pudagynda bolsa köne enjamlaryň çalşylmagy netijesinde 30 million tonna töweregi önümçilik kuwwaty azaldyldy ýa-da ulanyşdan çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde, "ýaşyl" gurluşyk materiallarynyň girdejisi artmagyny dowam etdirdi.
Şeýle hem, ýylyň başynda Hytaý dünýäde ilkinji gezek özbaşdak işlenip düzülen T1200 derejeli ultra ýokary berklikdäki uglerod süýümini tanyşdyrdy. Bu täze önümiň awiasia, kosmos, pes belentlikdäki ykdysadyýet we gumanoid robototehnika ýaly strategik pudaklarda giňden ulanylmagyna garaşylýar.







