2030-njy ýyla çenli Hytaýyň programma üpjünçiligi bazarynyň möçberi 20 trillion ýuandan geçer

Aprel 24, 2026 | 06:50 |65
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Soňky ýyllarda Hytaýyň programma üpjünçiligi senagaty çalt ösüşi görkezýär, we bu güýçli hem-de durnukly ösüş onýyllygyň ahyryna çenli pudagyň 20 trillion ýuan derejesinden geçmegi üçin berk esas döredýär diýip, sişenbe güni Pekinde geçirilen Hytaýyň programma üpjünçiligini ösdürmek boýunça 5-nji halkara maslahatynda resmi wekiller aýtdylar.

Maslahat Hytaýyň programma üpjünçiligi senagaty assosiasiýasynyň hasabatynyň çap edilmegi bilen gabat geldi. Hasabata görä, şu ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýda programma üpjünçiligi senagatyndan alnan girdeji 2,15 trillion ýuandan (takmynan 315 milliard ABŞ dollary) geçip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,7 göterim artdy.

Soňky maglumatlara görä, şol döwürde pudagyň umumy girdejisi 269,3 milliard ýuana ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7,3 göterim ýokarlandy.

Bu durnukly ösüş soňky birnäçe ýylyň dowamynda pudagyň yzygiderli giňelmegi bilen baglanyşyklydyr. 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan täze 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň çäklerinde Hytaý ylmy-tehniki innowasiýalary güýçlendirmäge aýratyn üns berýär we programma üpjünçiligi pudagynyň bu maksatlaryň merkezinde bolmagyna garaşylýar.

“Hytaýyň programma üpjünçiligi senagatynyň girdejileri 2020-nji ýylda 8,16 trillion ýuandan 2025-nji ýylda 15,48 trillion ýuana çenli durnukly artdy. Ortaça ýyllyk ösüş depgini 13,8 göterim bolup, bu görkeziji milli ykdysadyýetiň beýleki köp pudaklaryndan öňde boldy. 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyň dowamynda (2026–2030-njy ýyllar) Hytaýyň programma üpjünçiligi senagatynyň möçberiniň 20 trillion ýuandan geçmegine garaşylýar,” - diýip, Hytaýyň programma üpjünçiligi senagaty assosiasiýasynyň baş sekretarynyň ýerine ýetiriji orunbasary Çen Baogo aýtdy.

Öz çalt ösüşi bilen birlikde, programma üpjünçiligi pudagy Hytaýyň gaýtadan işleýän senagatynyň çuňňur sanly we intellektual özgertmeleriniň esasy hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Geçen ýylyň ahyryna çenli Hytaýda 8200-den gowrak “öňdebaryjy”, 500-den gowrak “ajaýyp” we 15 sany “pioner” “akylly” zawodlar guruldy.

Esasy önümçilik proseslerinde sanly algoritm dolandyryşynyň ulanylyşy we taslama hem-de ösüş üçin sanly gurallaryň ornaşdyrylyş derejesi ep-esli ýokarlandy, bu bolsa önümçilik ulgamynyň çeýe we akylly görnüşe geçmegini tizleşdirdi.

Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň esasy senagat internet platformalaryna birikdirilen senagat enjamlarynyň umumy sany 100 milliondan geçdi, bu bolsa önümçilik pudagynyň dowam edýän sanly özgertmelerine güýçli goldaw berýär.

Programma üpjünçiligi senagatynyň ýokary hilli ösüşini has-da öňe sürmek we täze ösüş mümkinçiliklerini açmak maksady bilen, häkimiýet edaralary maksadaokgunly syýasat çäreleriniň birnäçesini durmuşa geçirýärler, aýratyn-da emeli aňyň bu pudaga çuňňur integrasiýasyna üns berýärler.

“Biz ‘Emeli aň + programma üpjünçiligi’ konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça hereketler meýilnamasyny öňe süreris. Bu programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylyşynyň intellektual özgertmelerini, programma önümleriniň akylly täzelenişini we pudakdaky kärhanalaryň intellektual ösüşini höweslendirer. Şeýle hem, akylly operasion ulgamlary we akylly senagat programma üpjünçiligi ýaly täze görnüşleri we modelleri goldarys,” - diýip, Senagat we maglumat tehnologiýalary (MIIT) ministriniň orunbasary Sýun Sziszýun aýtdy.


Beýleki habarlar