Hytaý Halk Respublikasynyň çäreler toplumy Taýwandan gelýän syýahatçylaryň akymynyň artmagyna getirdi

Yklymlaýyn Hytaý tarapyndan kabul edilen we Taýwan bogazyndaky iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 10 sany çäre we strategiýa toplumy güýje girenden soňky birinji hepdede, Hytaýyň gündogar kenaryndaky Sýamen şäherinde howa ulagy arkaly Taýwandan gelýän ýolagçylaryň sanynyň düýpli artandygy hasaba alyndy.
Bogazyň aňyrsynda, adanyň garşysynda ýerleşýän Sýamen şäheri yklyma syýahat edýän Taýwan ýaşaýjylary üçin esasy giriş nokady bolup hyzmat edýär.
19-njy aprelde tamamlanan bir hepdäniň içinde Sýamen howa menzilinden Taýwana gidýän we gelýän ýolagçylaryň akymy 10 000 gatnawdan geçdi, bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 7,7% köpdür.
Merkezi hökümetiň täze çäreler toplumy güýje girenden soň, Sýamen Gaoçi halkara howa menzili Taýwanly syýahatçylar üçin öz hyzmatlaryny kämilleşdirdi. Bu hyzmatlara birinji gezek gelýän syýahatçylarda ýüze çykýan ulag, syýahat we ýerleşmek ýaly esasy meseleler boýunça hemmetaraplaýyn kömegi öz içine alýan ýörite hyzmatlar toplumy goşuldy.
«Sýamen howa menziliniň 3-nji terminalyndaky halkara hyzmatlar merkezimizde Sýamen şäheriniň "hyzmatlar bukjasynyň" üpjünçiligi bilen şähere gelýän Taýwan raýatlary üçin esasy hyzmatlar utgaşdyryldy. Bulara gümrük resmileşdirişi, medeni syýahat boýunça maslahatlar, aragatnaşyk hyzmatlary we töleg amallarynda amatly kömekler degişlidir. Bu bolsa olara ähli zerur kömegi bir ýerden almaga we gelende gowy täsir galdyrmaga mümkinçilik berýär» diýip, howa menziliň dessin goldaw bölüminiň başlygynyň orunbasary Çžou Lin aýtdy.
«Sýamen howa menzili — yklymlaýyn Hytaýda minnan şiwesi (hokkien) arkaly bildirişleri doly girizen ilkinji howa menzilidir. Şeýle hem biz howa menzilinde birinji gezek gelýänler, ýaşy uly we hereketi çäklendirilen adamlar ýaly aýratyn zerurlyga mätäç bolan Taýwanly ýolagçylara hemmetaraplaýyn kömek bermek üçin "ýerli şiwede hyzmat ediş toparyny" döretdik» diýip, halkara hasaba alyş toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Çuý Çži belledi.
Howa menziliň gümrük gullugy hem Taýwan bogazy arkaly amala aşyrylýan syýahatlar üçin gümrük resmileşdirişini we howpsuzlyk barlagyny ýönekeýleşdirdi, şeýle-de Taýwanly myhmanlar üçin maglumat sütünlerini we minnan şiwesindäki kömek gulluklaryny goşdy.
«Men Sýamende birinji gezek, ýöne meni örän mähirli garşyladylar. Esasanam biziň bir dilde gürleşip bilýändigimiz örän amatly boldy» diýip, Taýbeýden gelen syýahatçy aýtdy.







