Hytaýda howanyň sowamagy bilen sportuň gyşky görnüşlerine höwes artýar

Noýabr 24, 2025 | 19:35 |63
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda howanyň gitdigiçe sowamagy bilen sportuň gyşky görnüşlerine höwes artýar. Ýurduň gyzykly we täze güýmenjelere baý bolan dag lyža şypahanalarynda dynç almak isleýän adamlara amatly şertler döredilýär. Hytaýyň paýtagty Pekinde şu ýyl 150-ä golaý dag lyža şypahanalarynyň gyşky sportyň gyzgalaňly möwsümine taýýardyklaryny aýdýarlar. 2022-nji ýylyň Pekinde Gyşky Olimpiýa oýunlary ýaly ýokary derejeli ýaryşlaryň geçirilen ýeri bolan Milli Dag Lyža Merkezi hem şenbe güni açylyp, olar adamlary ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Ýansin etrabynda ýerleşýän 13 sany ýapgytlyklarda taýyp, gezelenç etmeklige çagyrýarlar. Hytaýyň iň demirgazyk şäheri Mohe hem ýurduň gyşky myhmanlaryny kabul eden ilkinji syýahatçylyk ýerleriniň biridir. Bu ýerdäki gözel tebigy ýerler syýahatçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin täze güýmenjeleri hödürleýär. Bu ýyl tokaýlyga gar daşaýjy bilen gezelenç etmeklik bu ýere gelýän myhmanlar aýratyn gyzykly boldy.

“Bu diýseň gyzykly we ýatdan çykmajak bir hezillik” - diýip, Hytaýyň gündogaryndaky Fuszýan welaýatyndan gelen syýahatçy Žun Gosian aýdýar.

Hepdäniň şenbe güni Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin şäherindäki Sungari dag lyža şypahanasynda welaýat boýunça lyža möwsüminiň açylyş dabarasy geçirildi.

Golaýdaky Tunhua şäherinde ýerleşýän dag lyža şypahanasy bolsa “akylly” wideo şekilini alyş tehnologiýasyny gurnady. Ýokary durulykda şekil alýan kameralar indi lyžada gezelenç edýänleriň hereketlerini awtomatiki usulda surata alyp, soňra şol şekillerden wideo-şekilini döredip bilýändir.

“Lyžada gezelenç edenimizde indi ýanymyz bilen telefon ýa-da kamera götermek zerurlygy ýok, biz taýýar wideo-şekilleri alyp bilýäris, bu diýseň amatly” - diýip, Hytaýyň gündogaryndaky Žeszýan welaýatyndan gelen syýahatçy Lian Sinýuan aýdýar.

Şu hepde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszian-Uýgur awtonom welaýatynyň iri dag lyža şypahanalary hem myhmanlar üçin açyldy. Altaý şäherindäki dynç alyş zolagy özüniň iş wagtlaryny gijä çenli uzaldyp, myhmanlara agşamlaryna hem lyžada gezelenç etmek hem-de paraplanda uçmak ýaly täze mümkinçilikleri döretdi.

Hytaýyň gündogaryndaky iri Şanhaý şäherinde hem sportuň gyşky görnüşlerine bolan isleg barha artýar. Şäherdäki üsti ýapyk dag lyža şypahanalary häzirki wagtda myhmanlaryň sanynyň köpelendigini belleýärler.

Şäheriň erkin ykdysady zolagynda ýerleşýän 90 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan üsti ýapyk dag lyža şypahanasy dürli hyzmatlary hödürleýär. Myhmanlar bu ýerde lyžada gezelenç etmek bilen, beýleki gyşky güýmenjelerden hem lezzet alyp bilerler.

Beýleki habarlar