Si Szinpin hytaý-mozambik gatnaşyklaryny berkitmäge çagyrýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin sişenbe güni Hytaý bilen Mozambigiň arasyndaky gatnaşyklary täze döwürde umumy geljege gönükdirilen bileleşigiň derejesine çykarmaga çagyrdy.
Si Szinpin bu teklibi Pekinde saparda bolan Mozambigiň Prezidenti Daniel Fransisko Çapo bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda öňe sürdi. Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak barada ylalaşdylar.
Geçen ýylda iki ýurduň möhüm diplomatik senäni belländigini nygtan Si Szinpin ýurtlaryň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ösdürilýän dostlugy has-da berkitmäge çagyrdy.
“1975-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri Hytaý bilen Mozambik özara ynanyşmagy saklap gelýär we hemişe biri-birine goldaw berýär. Bu hytaý-afrika dostlugynyň hem-de Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Geçen ýyl biz iki ýurdumyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygyny bilelikde belläp geçdik”, — diýip, Si Szinpin aýtdy.
Ol häzirki şertlerde dostlukly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini we Global Günorta ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrunda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
“Şonuň üçin men ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze döwürde umumy geljege gönükdirilen hytaý-mozambik bileleşiginiň derejesine çykarmagy teklip edýärin”, — diýip, ol nygtady.
Häzirki wagtda Daniel Fransisko Çapo Si Szinpiniň çakylygy boýunça 16–22-nji aprel aralygynda Hytaýda döwlet saparynda bolýar.







