Hytaýyň wise-prezidenti Bangladeşiň Milletçi partiýasynyň baş sekretary bilen duşuşdy

Aprel 23, 2026 | 07:05 |59
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sişenbe güni Hytaýyň wise-prezidenti Han Çžen Pekinde Bangladeşiň Milletçi partiýasynyň (BNP) ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy. Wekiliýete partiýanyň baş sekretary Mirza Fahrul Islam Alamgir hem-de ýerli dolandyryş, oba ýerlerini ösdürmek we kooperatiwler ministri ýolbaşçylyk etdi.


Duşuşykda Han Çžen Hytaý bilen Bangladeşiň özara düşünişmäge we çuňňur gatnaşyklara eýe bolan dostlukly goňşy ýurtlardygyny belledi hem-de Bangladeşi ählumumy saýlawlaryň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.


Han Hytaýyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan möhüm ylalaşyklara esaslanyp, däbe öwrülen dostlugy ösdürmäge, syýasy özara ynanyşmagy çuňlaşdyrmaga, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmäge we hytaý-bangladeş giň gerimli strategik hyzmatdaşlygyny öňe sürmäge taýýardygyny aýtdy.


Şeýle-de Han Çžen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Bangladeşiň Milletçi partiýasy bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny nygtady.


Öz gezeginde Mirza Fahrul Islam Alamgir Hytaýyň Bangladeş üçin ygtybarly dost we hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy.


Ol Bangladeşiň täze hökümetiniň “bir Hytaý” ýörelgesine eýerjekdigini hem-de Hytaý bilen däp bolup gelýän dostlukly gatnaşyklaryny dowam etdirip, bu gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin ýokary derejeli alyş-çalyşlary we dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge umyt baglaýandygyny belledi.


Alamgir Bangladeşiň Milletçi partiýasynyň iki partiýanyň hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlugy berkitmäge ygrarly galjakdygyny aýtdy.

Beýleki habarlar