Maliýe edaralary Hytaýyň ykdysady geljegine ynamly garaýar

Ýerli we halkara maliýe edaralary Hytaýyň 2026-njy ýyldaky ykdysady geljegine ynamly garaýarlar. Şeýle hem olar, geçirilýän goldaw çäreleriniň, düzüm gurluşynyň täzelenmeginiň hem-de täze döreýän mümkinçilikleriň ösüş üçin durnukly şert döredip biljekdigi barada çaklaýarlar.
Bilermenler Hytaýyň içerki bazarynyň hem-de barha gurplanýan önümçilik ulgamynyň utgaşykly işlemegini esasy itergi beriji güýç hasaplaýarlar. “Ykdysady taýdan ösüş üçin henizem ägirt uly mümkinçilikler bar... we makroykdysady syýasat üçin zerur bolan şertler ýeterlik derejede üpjün edilen” diýip, “Everbright Securities” kompaniýasynyň baş makroanalitigi Žao Gege aýdýar.
Ýurduň ykdysady geljegi babatynda daşary ýurt banklarynyň hem ynamy uludyr. “Morgan Stanley” edarasynyň çaklamasyna görä, düzgünleriň ýeňilleşdirilmegi esasynda 2026-njy ýylda ykdysadyýetiň orta depginde ösmegine garaşylýar. UBS bankynyň pikirine laýyklykda, ýörite gönükdirilen goldaw çäreleri durnukly ykdysady ösüşi üpjün eder. Hytaýyň öňde goýlan 15-nji bäş ýyllyk meýilnamasy (2026-2030) bu ynamy has-da güýçlendirýär. Bu meýilnamada öňdebaryjy önümçiligi höweslendirmeklik göz öňünde tutulýar.
Bu tagallalar eýýäm özüniň oňyn netijelerini görkezýär. “Goldman Sachs” edarasy ýakynda bu babatda öz çaklamasyny gowulandyrdy. Indi olar Hytaý harytlarynyň dünýä bazaryndaky paýynyň artmagy bilen ýurduň eksportynyň geljekde ýyllyk 5-6 göterim ösmegine garaşýarlar.







