Gündogar Hytaýda 2026-njy ýylyň Bütindünýä syýahatçylyk operatorlar maslahaty başlandy

Anna güni Hytaýyň gündogaryndaky Szýansu welaýatynyň Usi şäherinde, birnäçe syýasy wakalar, çäreler we önümler bilen baglanyşykly wakalara gelýän syýahatçylygyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 2026-njy ýylyň Bütindünýä syýahatçyk operatorlarynyň maslahaty başlandy.
Maslahat 22 ýurtdan halkara syýahatçylyk agentlerini, daşary ýurtly görnükli şahsyýetleri, medeniýet we syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylaryny hem-de pudagyň öňdebaryjy hünärmenlerini öz içine alýan 400-den gowrak gatnaşyjyny özüne çekdi. Çäräniň dowamynda birnäçe strategik hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna we taslama şertnamalaryna gol çekildi, bu bolsa 20-den gowrak iri hyzmatdaşlyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegine sebäp boldy.
Szýansu welaýaty baý medeni mirasy, ajaýyp suw ýollary we amatly ulag gatnawy bilen tapawutlanyp, daşary ýurtly syýahatçylar üçin özüne çekiji ýer bolup durýar. Soňky ýyllarda welaýat milli wizasyz syýasatyň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, birnäçe höweslendiriji çäreleri durmuşa geçirdi.
«2025-nji ýylda Szýansu welaýaty 4,26 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 40 göterimden gowrak köpdür. Umumy çykdajylar bolsa geçen ýylka garanyňda 23 göterim atyp, 34 milliard ýuana ýetdi» — Szýansu welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Li Çuan aýtdy.







