Gonkong – Çžuhaý aralygynda ilkinji göni awtobus ugry açyldy

Şenbe güni Gonkongy Hytaýyň günogaryndaky Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäheri bilen birleşdirýän ilkinji göni awtobus ugry açyldy. Bu ugruň maksady — Uly aýlag sebitinde serhetüsti gatnawlary has-da gowulandyrmakdan we adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmekden ybaratdyr.
Göni awtobus ugry gozgalmaýan emlägi satyn alyjylara serhedi bir duralga bilen geçmäge mümkinçilik berýär. Gatnawlar iki tarapa hem amala aşyrylýar we ýol üçin sarp edilýän umumy wagt takmynan 2,5 sagada deňdir. Her gün bellenen wagtda iki sany gatnaw guralýar, gümrük gözegçiligi bolsa ýolagçylary we ulaglary bölmek arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa syýahaty netijeli we amatly edýär.
«Şular ýaly göni ugruň açylmagy hakykatdan hem örän amatly we täsirli, bu maňa iki şäheriň arasynda has ýygy-ýygydan gatnamaga mümkinçilik berýär. Indiki gezek maşgalam we dostlarym bilen awtobusda gitmegi meýilleşdirýärin» — diýip, Gonkongyň ýaşaýjysy Ng Ka-keý aýtdy.
Ýol nyrhy bir adam üçin 150 ýuan (takmynan 20,7 ABŞ dollary), gidiş we gaýdyş bolsa 280 ýuan möçberindedir. 3 ýaşyna çenli çagalar üçin ýeňillikler hereket edýär.
Gonkong bilen Çžuhaýyň arasyndaky integrasiýanyň täze bölegi bolan bu awtobus ugry, serhetüsti gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin amatly ýol açýar we bu ýagdaý Gonkong bilen Çžuhaýyň geljekde utgaşykly ösmegine ýardam eder.
«Çžuhaý şäheriniň Ýaşaýyş jaý gurluşygy we şäher ösüşi býurosy gozgalmaýan emläk hem-de ýaşaýyş jaý howpsuzlygy ulgamyndaky syýasaty kämilleşdirmegi, ýaşamak we gartaşan adamlara ideg etmek üçin kömekçi desgalary gowulandyrmagy dowam eder. Şeýle hem, şäher gurşawynyň hilini ýokarlandyrmagyň hasabyna durmuş üpjünçiligi, senagat we durmuş ugurly pudaklarynda Gonkong bilen Çžuhaýyň arasyndaky has çuňňur integrasiýa ýardam eder» — diýip, Çžuhaý şäheriniň Ýaşaýyş jaý gurluşygy we şäher ösüşi býurosynyň direktorynyň orunbasary Çžan Szýunlin aýtdy.







