5G we emeli aň arkaly Hytaýda önümçilik ösdürilýär

Noýabr 24, 2025 | 19:25 |78
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Senagat we Maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň goldaw bermeginde “5G we önümçilik interneti” taslamalaryny ornaşdyrmak arkaly ýurduň önümçilik kuwwaty barha artýar. Geljegiň “akylly” kärhanalaryny gurmakda emeli aň ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanylýar.

Bu strategiýa eýýäm özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurtda 300-den gowrak ýokary netijeli internet platformalary guruldy we 100 milliondan gowrak enjamlary biri-biri bilen sazlaşykly işlär ýaly birikdirildi. Häzirki wagtda 20000-den gowrak taslamalar durmuşa geçirilip, indi önümçilikde tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önümçilikde özüniň oňyn netijelerini berip, maliýe taýdan hem uly peýda getirýär. Bar bolan maglumatlara görä, Hytaýyň 5G tehnologiýasy bilen işleýän 100 sany “akylly” kärhanasy aýratyn tapawutly netijeleri görkezýär. Ortaça alanyňda, bu kärhanalaryň önümçilik kuwwaty 25 göterim ýokarlanyp, önümiň hili 21 göterime çenli gowulandy, önümçilik çykdajylary bolsa 19 göterim azaldy.

Biz Hytaýyň dürli künjeklerinde geljegiň talaplaryna laýyk gelýän şular ýaly kärhanalaryň sanynyň artýandygyny eýýämden görüp bilýäris. Suanžouda keramika önümlerini öndürýän “yşyklary öçük” kärhana özüniň az sanly işçileri bilen tebigy ýagtylykda işleýär. Munuň sebäbi hem 5G arkaly işleýän robotlar takyk ýumuşlary ýerine ýetirýär, emeli aň bilen işleýän barlaýyş ulgamlary bolsa umumy hil barlaglarynyň 90% -den gowragyny awtomatiki usulda amala aşyrýar.

Demirgazykda ýerleşýän Žuszi şäherindäki daşky gurşaw tehnologiýasy kompaniýasy önümçiligiň her bir zynjyryny biri-biri bilen 5G ulanmak arkaly birikdirýär. Bu bolsa, çig maldan başlap, soňky gaplama işlerine çenli ähli amallary sanly tehnologiýa arkaly gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Netijede, energiýanyň sarp edilişi ep-esli azalyp, önümçiligiň umumy netijeliligi ýokarlanýar.

Luşuý şäherinde kofe ösdürip ýetişdirmekde “5G we emeli aň” kömegi bilen uly özgerişlikler gazanylýar. Bu ýerde kofe däneleri şu wagtky tertipde 99,8% takyklyk bilen barlagdan geçirýär. Şeýle öňegidişlik düýpli gaýtadan işlemegiň depginini 35 göterimden 80 göterime çenli artdyrdy, bu bolsa kofeniň hiliniň has gowulanmagyny hem-de önümçiligiň üznüksizligini üpjün edýär.

6G ylmy-barlag işlerini öz içine alýan tehnologiýanyň indiki tapgyryny eýýämden ýola goýmak bilen, Hytaý döwleti öz önümçiliginde sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna uly üns berýändir.

Beýleki habarlar