Hytaýyň awtoulag öndürijileri dünýä bazarynda ornuny giňeltmäge çalyşýarlar

Hytaýyň awtoulag öndürijileri öňdebaryjy modeller bilen dünýä bazarynda ornuny giňeltmäge çalyşýarlar. Ýurduň iri awtoulag öndürijileri 23-nji Guançžou halkara awtoulag sergisinde ýüzlerçe döwrebap modelleri we öňdebaryjy tehnologiýalary görkezdiler. Olaryň öňde goýan maksady - dünýäde öz ornuny has-da giňeltmekdir.
Hytaýyň awtoulag sergisi hepdäniň anna güni açyldy we onda 1000-den gowrak awtoulaglar görkezilmäge çykaryldy, şolardan 100-e golaýy täze model awtoulaglarydyr. Awtoulaglaryň 629-sy täze energiýa ulaglary bolup, bu sergä çykarylan awtoulaglaryň umumy sanynyň 60 göteriminden gowragyny düzýändir.
Hytaýyň 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täze energiýa ulaglaryna salynýan salgydyň iki esse azaldylmagyndan, hem-de döwlet tarapyndan göz öňünde tutulýan ýeňilliklerden höweslenip, birnäçe awtoulag öndürijileri bu sergide arzan modelleri görkezmäge çykardylar.
Täze energiýa ulaglarynyň öňdebaryjy öndürijisi bolan GAC Aion kompaniýasy özüniň täze modellerinde sarp edijileriň islegini bahadan ileri tutýandygyny aýtdy.
“Biz diňe döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler arkaly däl-de, tehnologiýa taýdan öňegidişlikler hem-de awtoulagy ulanyjynyň ynamyny gazanmak arkaly müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak isleýäris” diýip, GAC Aion kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýang Long düşündirdi.
Öňdebaryjy tehnologiýa Hytaýyň awtoulag pudagynda ösüşe täze bir itergi beriji güýç bolup durýar.
Awtoulag sergisinde Huawei we GAC kompaniýalary 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda özleriniň ilkinji premium elektrik ulagyny ulanyşa goýbermegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler, bu bolsa tehnologiýanyň we önümçiligiň sazlaşykda işleýändigini görkezýändir.
Hytaý awtoulag öndürijileri daşary ýurtlarda hem söwdalaryny giňeltmeklige uly üns berýärler. 2025-nji ýylda täze energiýa awtoulaglary, umumy awtoulag satuwynyň 50 göteriminden gowragyny düzdi.
Awtoulag sergisinde, pudagyň ýolbaşçylary satulýan awtulaglaryň ýarysyndan gowragynyň eksportyň paýyna düşýändigini bellemek bilen, indi daşary ýurtlara diňe awtoulag satmak bilen çäklenmän, eýsem bu söwda degişli doly üpjünçiligi ýola goýmaklygy maksat edinýändiklerini aýtdylar.
“14-nji bäş ýyllyk meýilnama döwründe biziň satuwlarymyzyň takmynan 55 göterimi eksportyň paýyna düşdi. 15-nji bäş ýyllyk meýilnama döwründe biz dünýä bazarynda ornumyzy berkitmegi dowam etdireris” diýip, JAC Motors kompaniýasynyň başlygy Sian Sinçu aýtdy.
“Biz öz awtoulaglarymyzy daşary ýurtlara diňe bir eksport etmek bilen çäklenmän, eýsem Hytaý awtoulaglarynyň ornuny dünýä bazarynda berkitmek üçin ýurdumyzda öndürilen awtoşaýlaryny hem-de hyzmatlaryny, şol sanda ekoulgamy hem eksport etmegi göz öňünde tutýarys” diýip, “China Changan Automobile Group” kompaniýasynyň baş müdiri Žao Feý aýdýar.
Awtoulag sergisi 30-njy noýabra çenli dowam eder.







