Çarşenbe güni Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary we Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda, Hytaýa döwlet sapary bilen gelen Wýetnamyň prezidenti To Lamy garşylamak dabarasy boldy.

Harby orkestr Wýetnamyň we Hytaýyň döwlet senalaryny ýerine ýetirdi, myhmanyň hormatyna bolsa 21 sany toplardan ok atyldy.
Si Szinpin bilen Tao Lam Hytaýyň Halk-azat edijilik goşunynyň hormat garawulyny, soňra bolsa olaryn dabaraly ýörişini synladylar.
Dabara Si Szinpiniň maşgalasy Pen Liyuan; Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy we Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Sekretariatynyň agzasy Saý Si; Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Daşary işler boýunça müdiriýetiniň direktory Wan I dagylar gatnaşdylar. Garşylamak dabarasyna Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Sekretariatynyň agzasy we döwlet geňeşçisi Wan Sýaohun hem-de beýleki hytaýly resmi adamlar hem gatnaşdylar.
Wýetnam wekiliýetiniň düzümine Prezident To Lamyň maşgalasy Ngo Fuong Li; Wýetnamyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy we Wýetnamyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Sekretariatynyň hemişelik agzasy Çan Kam Tu, şeýle hem Wýetnamyn Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Kommitetiniň Syýasy býurosynyň agzalary Buý Thi Min Hoai, Ngugen Duý Ngok, Fan Wan Zýang, Luong Tam Kuang, Ngugen Than Ngi, Le Hoai Çung, Doan Min Huan, Çan Dyk Thang we beýlekiler girdi.
Wýetnamyň Prezidenti To Lam Başlyk Si Szinpiniň çakylygy boýunça dört günlük döwlet sapary bilen sişenbe güni Pekine geldi.







