Hytaýda synag üçin täze aragatnaşyk tehnologiýasynyň emeli hemrasy uçuryldy
Noýabr 23, 2025 | 01:56 |77

Hepdäniň anna güni Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Siçuan welaýatyndaky Siçan äleme uçuryş merkezinden synag üçin täze aragatnaşyk tehnologiýasynyň emele hemrasy uçuryldy.
Şiýan-21 emeli hemrasy Pekin wagty bilen sagat 18:55-de “Long March-3B” göteriji raketasynda uçuryldy we öňünden bellenen orbita üstünlikli baryp ýetdi.
Bu emeli hemrasy esasan hemra aragatnaşygy, radio we telewideniýe, maglumat geçirmek we beýleki hyzmatlar, şeýle hem degişli tehniki synaglary we ylmy-barlaglary geçirmek üçin ulanylar.
Bu uçuş “Long March” göteriji raketasynyň 609-njy uçuşydyr.







