Si Szinpin hytaý-ispan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrýar

Aprel 16, 2026 | 13:05 |40
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Sişenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekindäki Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň binasynda Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi strategik taýdan ara alyp maslahatlaşdy.

Si Szinpin dünýädäki üýtgeşmelere we parahatçylyksyz ýagdaýlara garamazdan, Hytaý bilen Ispaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik ynamlylyk bilen yzygiderli ösendigini belledi. Onuň sözlerine görä, öwrenilen esasy sapak — umumy bähbitlere esaslanýan dogry çözgütleri kabul etmekdir.

Hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň iki halkyň bähbitlerine hyzmat edýändigini, döwrüň meýillerine laýyk gelýändigini hem-de her iki tarapyň garaşsyz ýollar bilen ösmäge bolan ynamyny we tutanýerliligini berkidýändigini deliller subut edýär diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy belledi.

Si Szinpin taraplaryň hytaý-ispan gatnaşyklarynyň ösdürilmegini öz daşary syýasatlarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde goýmalydygyny we milli özygtyýarlylygy hem-de çäk bitewüligini goramakda biri-birini goldamalydygyny mälim etdi.

Hytaýyň özüniň uzak möhletleýin strategik maksatlaryny gysga möhletli wezipeler bilen utgaşdyrýandygyny belläp, Si Szinpin ýurduň bäş ýyllyk maksatnamalaryny sabyrlylyk bilen işläp taýýarlandygyny we durmuşa geçirendigini aýtdy.

Ol Hytaýyň özüni döwrebaplaşdyrmak ugruny öňe sürmäge çalyşýandygyny, ýokary derejeli açyklyk arkaly dünýä bilen ösüş mümkinçiliklerini paýlaşmagy maksat edinýändigini we öz ösüşi hasabyna ählumumy ykdysady ösüşe ynam hem-de itergi berjekdigini mälim etdi.

Si Szinpin Hytaý bilen Ispaniýanyň arasynda söwda, täze energiýa çeşmeleri we intellektual ykdysadyýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, şeýle-de medeniýet, bilim, ylmy barlaglar we sport ulgamlarynda alyş-çalyşlary höweslendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Si Szinpiniň aýtmagyna görä, Hytaý we Ispaniýa mümkinçiliklerden peýdalanmaly, innowasiýalara esaslanýan ösüşe ymtylmaly we has uly netijeleri gazanmak hem-de öz halklaryna has köp bähbit getirmek üçin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ilerletmelidir.

Häzirki wagtda dünýäniň çylşyrymly ýagdaýyndadygyny, kanun üstünligi bilen güýç üstünliginiň arasyndaky göreş bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belläp, Si Szinpin Hytaýy we Ispaniýany dünýäniň «jeňňel kanunlaryna» dolanmagyna garşy durmaga hem-de hakyky köptaraplylygy bilelikde goramaga çagyrdy.


Ol Hytaýyň we Ispaniýanyň esasynda Birleşen Milletler Guramasy duran halkara ulgamyny we halkara hukugyna esaslanýan halkara tertibini goramalydygyny, deňhukukly hem-de tertipli köp polýarly dünýäni we ählumumy bähbitli we inklyuziw ykdysady ählumumylaşmany ilerletmelidigini, şeýle-de adamzat üçin umumy geljegi bolan jemgyýeti gurmalydygyny mälim etdi.

Öz gezeginde Sançes soňky dört ýylda Hytaýa dört gezek sapar edendigini, munuň bolsa ispan-hytaý gatnaşyklarynyň her iki tarap üçin hem örän möhümdiginiň subutnamasydygyny aýtdy.

Ol Ispaniýanyň «bir Hytaý» ýörelgesine berk eýerýändigini, Hytaýyň uly döwlet hökmündäki derejesine ýokary baha berýändigini we ispan-hytaý hyzmatdaşlygyny strategik ynamlylyk bilen ösdürmäge çalyşýandygyny belledi.

Ispaniýa söwda, maýa goýumlary, täze energiýa çeşmeleri we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem Hytaý bilen medeni alyş-çalyşy ösdürmäge umyt edýär diýip, ol belledi we Ispaniýa maýa goýýan hem-de hyzmatdaşlyga ymtylýan hytaý kompaniýalarynyň ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Ispaniýanyň Premýer-ministri çylşyrymly halkara ýagdaýlary we ýygy-ýygydan bolup durýan çaknyşyklar şertlerinde adamzat üçin durnukly parahatçylyga ýetmek maksady bilen, köptaraplylyk ýörelgelerine eýermegiň we köp polýarly dünýäni ilerletmegiň

zerurdygyny nygtady.

Ispaniýa Prezident Si Szinpin tarapyndan öňe sürülen dört sany ählumumy başlangyjy işjeň goldaýar we halkara geosyýasatyndaky kynçylyklary, söwda proteksionizmini we howanyň üýtgemegini bilelikde çözmek, şeýle hem halkara hukugyna we köptaraplylyk ýörelgelerine eýermek üçin Hytaý bilen ýakyn aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy saklamaga taýýardyr diýip, Sançes aýtdy.

Ol Ispaniýanyň täze “sowuk urşa” we gatnaşyklaryň üzülmegine garşydygyny, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň giňeltmegini we hyzmatdaşlygyň berkidilmegini goldaýandygyny mälim etdi. Ýewropa-hytaý gatnaşyklarynyň sagdyn ösmeginiň her iki tarapyň umumy bähbitlerine laýyk gelýändigine we bütindünýäde parahatçylyga hem-de durnuklylyga ýardam etjekdigine ynanýandygyny belledi.

Beýleki habarlar