Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Pekine sapar bilen geldi

Ýekşenbe güni Abu-Dabiniň (BAE) mirasdüşer şazadasy şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan Hytaýa sapar bilen Pekine geldi. Sapar Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýanyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar we 12–14-nji aprel aralygynda dowam eder.
Şeýh Halediň ýany bilen ýokary derejeli wekiliýet hem saparda bolýar. Onuň düzümine Birleşen Arap Emirlikleriniň ministrleri, ýokary wezipeli resmi işgärleri, işewürlik toparlarynyň wekilleri hem-de esasy ykdysady hyzmatdaşlar girýär.
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Öz gezeginde, Birleşen Arap Emirlikleri Hytaýyň iň uly eksport bazary we Ýakyn Gündogarda onuň ikinji iri söwda hyzmatdaşydyr.







