Tibetiň ýüň matasy dünýäde ýürekleri eýeleýär

Tibet medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan, özüniň özboluşly aýratynlygy hem-de ýakymlylygy bilen köpleriň ýüreklerini eýelän Pulu ýüň matasynyň dabarasy dag aşýar.
Bu ýüň matasynyň asyrlara dowam edýän taryhy bolup, ol kämilleşdirilen görnüşde biziň günlerimize gelip ýeten. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Hytaýyň günorta-günbataryndaky Sizan awtonom welaýatynyň Giantse etrabyndaky daglyk arpa meýdanynda geçirilen moda görkezilişinde şol matadan sünnälenip tikilen egin-eşikler köpleri özüne hyrydar etdi.
Şondan uzak wagt geçmänkä, bu ýüň matanyň gadymylygynyň we döwrebaplygynyň sazlaşygynda taýýarlanan dizaýny, dünýäniň naýbaşy önümleri bilen bir hatarda Parižde geçirilen çärede görkezilip, ol tomaşaçylary haýran galdyrdy.
“Haçan-da men özümiziň gadymy Tibet el işlerimizi halkara derejesinde tanyşdyranymda, meniň milli senetçiligimize bolan ynamym hem buýsanjym has-da artdy. Men daşary ýurt dillerine düşünmesem-de, daşary ýurtly dostlarymyň öz dilinde “owadan” diýen sözüniň öwgüli sözdigini çaklap, baş atyp minnetdarlyk bildirdim” diýip, pulu ýüň matasynyň ussady Kelsang Drolma aýtdy.
Pulu ýüň matasynyň giňden tanalmagy, Tibet medeni däpleriniň dünýä derejesinde abraýynyň artmagynyň nyşanydyr diýip, bu çärä gatnaşan synçylar aýtdylar.
“Jemgyýetiň bitewiliginde dürli etniki toparlaryň, däp-dessurlaryň, medeniýetleriň we aň-düşünjäniň özboluşlylygyny hem-de aýratynlygyny gorap saklamak – bu Hytaýyň taryhydyr. Bu durmuş hakykatydyr” diýip, Şweýsariýaly ýazyjy Oliwýe Granžan öz pikirini beýan edýär.
“Milliligi bolan zadyň umumylygy hem bardyr. Her bir aýratyn etniki medeniýetde belli bir zat näçe çuňňur kök uran bolsa, onuň şonça-da dünýä ýaýranlygy ähtimaldyr” diýip, Şanhaýyň Siaotong uniwersitetiniň Media we aragatnaşyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary Sýu Szian belläp geçýär.







