Gumanoid robotlar Pekindäki ýarym marafonyň öň ýanyndan synaglardan geçdi — ylgaw 2026-njy ýylda geçiriler

2026-njy ýylda Pekinde geçiriljek «E-Town» ýarym marafonynda (şol bir wagtda Adamşekilli robotlaryň ýarym marafony hökmünde hem mälimdir) gatnaşjak gumanoid robotlar hemmetaraplaýyn ýol synaglaryny üstünlikli tamamladylar. Synag işleri şenbe güni agşamdan ýekşenbe güni ir sähere çenli dowam etdi.
Synaglaryň dowamynda esasy ssenariýalar: marafon ýoly, hereketleriň utgaşdyrylmagy we gyssagly kömek bermek ýaly ýagdaýlar modellleşdirildi. Bu bolsa 19-njy aprelde badalga aljak resmi ylgaw üçin möhüm taýýarlyk boldy. Çäre Pekin şäheriniň Halk hökümeti we Hytaýyň media topary (CMG) tarapyndan bilelikde guralýar.
Ýarym marafona robotlaryň iki topary gatnaşar. Birinji topar — awtonom nawigasiýaly robotlar bolup, olar gatnaşyjylaryň umumy sanynyň tas 40 göterimine barabar bolar. Ikinji topar bolsa — uzakdan dolandyrylýan robotlardyr.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, toparlaryň sany tas bäş esse artyp, 100-den geçdi. Synaglara 70-den gowrak topar, şol sanda dört sany halkara topary gatnaşdy. Awtonom nawigasiýaly we uzakdan dolandyrylýan toparlar gijeki synaglary bir wagtda, bir meýdançada geçirdiler.
Hytaýyň robot öndürijisi «Unitree Robotics» kompaniýasynyň marketing boýunça menejeri Çu Ýanyň belleýşi ýaly, eger geçen ýyl ýaryşda diňe pellehana gelmegiň özi haýran galdyryjy üstünlik hasaplanan bolsa, bu ýylky netijeler tutuş pudakda umumy öňegidişligiň baradygyny görkezýär.
Doly gerimli synaglaryň esasy maksady — tehniki barlag, amallaryň utgaşdyrylmagy, şeýle hem töwekgelçilikleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmekdir. Synaglaryň dowamynda gysga aralyklarda robotlaryň tizligini has-da ýokarlandyrmak başartdy. Käbir toparlar öz robotlarynyň ýarym marafonda ýokary meşhur türgenleriň ýagny adamlaryň derejesine ýakyn netijeleri görkezerler diýip çaklaýarlar.
Hytaýyň elektronika institutynyň baş sekretarynyň orunbasary Lýan Lýan ýüze çykarylan bökdençlikler barada gürrüň berdi: olaryň arasynda robotlaryň näsazlyklary, ýol boýunça howpsuzlyk meseleleri bar. Resmi ýaryşda iň gowy netijeleri görkezmek üçin, bu kemçilikleriň ählisini saýlama ýaryşynyň dowamynda çalt aradan aýyrmak meýilleşdirilýär.







